Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa
Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Milli
garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny
iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident
Karol Nawroskä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Polşa
Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw
etdi.