milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
14 sagat öň 21 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýat häkimleri pagta hasylyny ýygnap almak, bugdaý ilen meýdanlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gowaçadan boşan ýerleri geljek ýylyň ekişine taýýarlamak, sebitlerde medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, dowam edýän gurluşyklary ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak boýnça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň çäklerinde gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Lebap welaýatynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, ony talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, önümçilikde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur işleri geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme doly taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmegi, Lebap welaýatynda şaly hasylynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýokary hasylyny almak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Sebitlerde pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iýmiň taýýarlanylmagyny üpjün etmek, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky binalarda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.