Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si
Szinpine Gonkong ýörite dolandyryş sebitindäki ýaşaýyş toplumynda bolup geçen
ýangynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly
gynanç hatyny iberdi.
Döwlet
Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna
hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut
öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz
wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.