12-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.
Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýäniň gün tertibindäki möhüm meselelere umumy çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň, halkara başlangyçlarynda biri-birine berýän goldawlarynyň geçen ýyllaryň içinde ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.