10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ýola goýlan ýokary derejedäki we özara ynanyşmak ýagdaýyndaky türkmen-hindi gatnaşyklary hem-de iki ýurduň halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi şol gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gurluşyk Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmäge, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.