Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç
hatyny gowşurdy.
Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk
bildirip, giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda
Hindistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de
mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmunyň
we Premýer-ministri Narendra Modiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman
Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Bandaru Wilsonbabuny ýokary
diplomatik wezipä bellenmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky
köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan
Hindistan Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we ýakyn
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn
gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we
medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklar
özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Bu
bolsa, öz gezeginde, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem abraýly halkara
guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin berk binýat bolup
hyzmat edýär.
Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň gün tertibinde
söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär.
Şunuň bilen baglylykda, özara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ilkinji nobatda,
energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy
bellenildi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň we onuň bilen ugurdaş
ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de
işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Bu geljegi uly taslamalar sebitde energiýa
howpsuzlygyny üpjün eder we gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine uly itergi berer.
Medeniýet, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk
türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiz hindi
dilini öwrenmäge gyzyklanma bildirýän ýaşlarymyzyň sanynyň barha artýandygyny,
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde hindi diliniň okadylýandygyny
aýdyp, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň halklaryny
ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýändigini
nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.