Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80
ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Geçen segsen ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy
parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen
tagallalaryň birleşdirilýän möhüm merkezine öwrüldi. Gurama tarapyndan kabul
edilen möhüm resminamalar we durmuşa geçirilen başlangyçlar häzirki zaman
halkara gatnaşyklarynyň pugta binýadyny düzýär» diýlip, döwlet Baştutanymyzyň
gutlagynda nygtalýar.
Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygy hem-de
howpsuzlygy üpjün etmekde, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa we durnukly
ösüş ugurlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Birleşen
Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi we pugtalandyrmagy
dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi, şeýle hem BMG-niň Sekretariatynyň ähli agzybir işgärlerine mähirli gutlaglaryny we täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.