15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Milli Liderimiz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny Tatarystanyň döwlet Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi dostlukly ýurduň ýolbaşçysynyň respublikada jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyna ýokary ynam bildirilýändiginiň hem-de giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Söhbetdeşligiň dowamynda köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň gün tertibinde soňky ýyllarda kuwwatly itergä eýe bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Işewür düzümleriň ulgamy boýunça göni aragatnaşyklary ýola goýmak arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.