milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
13 sagat öň 17 Habarlar

Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Sammitiň netijeleri sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýangi Uzbekiston» seýilgähine bardy we bu ýerde «Garaşsyzlyk» ýadygärligine gül goýdy.

Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli açylan bu medeni-dynç alyş seýilgähi ýurtdaky iň iri seýilgähleriň biridir. Döwlet Baştutanymyzy goňşy ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýadygärligiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Heýkel kompozisiýasynyň ýokarsynda parahatçylygy, azatlygy, hoşniýetliligi hem-de abadançylygy alamatlandyrýan, buýsançly ganatlaryny ýaýyp duran humaý guşunyň şekili ýerleşdirilipdir. «Garaşsyzlyk» ýadygärligi Özbegistanyň, onuň edermen we gaýduwsyz, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer halkynyň şanyna dikeldildi. Onuň eteginde: «Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň mizemez hakydasyna» diýen sözler ýazylypdyr. Ýokardan seretseň, seýilgähiň görnüşi ägirt uly daragty ýatladýar. Şondan bäş şaha uzalyp gidýär. Munuň özi Özbegistany ösdürmek boýunça hereketleriň strategiýasynyň bäş ileri tutulýan ugruny alamatlandyrýar. Toplumda doganlyk özbek halkynyň baý medeni mirasy, beýik serkerdelerdir esgerleriň, alymlardyr akyldarlaryň şekilleri şöhlelendirilipdir. Ýadygärligiň barelýeflerinde Özbegistanyň taryhynyň esasy tapgyrlary, şol sanda ýurduň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyzlyk döwri aýdyňlyk bilen şekillendirilipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni «Kuksaroý» döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Özbek Lideri belent mertebeli myhmany özbek topragynda mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimize Özbegistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew däp bolan özbek-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Özbegistanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany bolup durýandygyny nygtady.

Dostlukly ýurduň Baştutany söwda, ulag, energetika, suw hojalygy ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda amala aşyrylan bilelikdäki işe ýokary baha berip, şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bitiren ägirt uly hyzmatyny aýratyn nygtady. Prezident Şawkat Mirziýoýew iki ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň soňky ýylda iki esse artdyrylandygyny aýdyp, harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň we erkin söwda tertibini netijeli ulanmagyň hasabyna bu görkezijini ýene-de köpeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de senagat kooperasiýasyny giňeltmek maksady bilen, gurluşyk serişdelerini, derman serişdelerini, azyk önümlerini we beýleki isleg bildirilýän harytlary öndürmek boýunça täze taslamalara işewür toparlary işjeň çekmegiň möhümdigi bellenildi. Energetika ulgamynda netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ulag ulgamy iki ýurduň ykdysadyýetlerini baglanyşdyrýan wajyp pudak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalaryň möçberiniň artdyrylýandygy, gümrük-logistika amallarynyň ýeňilleşdirilýändigi aýdyldy. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp, halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny aýtdy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Gündogar — Günbatar ulag geçelgesiniň esasy ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýändigini aýratyn nygtap, Hytaýyň, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny utgaşdyrmaga ýardam berýän zerur infrastrukturany hem-de şertleri döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan we ondan aňryk Hazar deňzine, Pars aýlagyna çykýan ulag ugrunyň ähmiýetine üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri bilen ozal geçirilen ýokary derejeli duşuşykda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan türkmen-özbek serhedinde dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny we halkara maliýe institutlaryny çekmek arkaly Farap — Olot ulag-logistika merkezini döretmek baradaky meselä seretmegiň teklip edilendigini aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda bilelikdäki işe taýýardygyny tassyklady.

Energetika ulgamy iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy Özbegistana eksport edilýär. Gaz pudagynda hem netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy özara kabul ederlikli şertlerde çuňlaşdyrmaga taýýardygyny, gaz ulgamynda strategik hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem oba hojalygy, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk senagaty, ekologiýa tehnologiýalary, dokma we derman senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak wajypdyr.

Suw meselesi ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw-energetika meselelerine halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda garalmalydygyndan, çözgütleriň özara hormat goýmak we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda kabul edilmelidiginden, suw meseleleriniň halkara guramalaryň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylmalydygyndan ugur alýandygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taryhyň, diliň, däp-dessurlaryň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy bu ugurdaky gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Medeniýet ulgamynyň wekilleri iki ýurtda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, şol sanda lukmançylyk bilimi babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde ylmy-barlag, bejeriş we önümçilik kuwwatlyklaryny özünde jemleýän iri lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz bedenterbiýe we sport ulgamlarynda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna-da ünsi çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüniň ahyrynda türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Ilki bilen, özbek tarapyndan Horezm welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berilýär. Ol şeýle desganyň gurlup berlendigi üçin Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini açmaga ak pata bermeklerini haýyş etdi.

Soňra türkmen tarapyndan Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerine hoşallyk sözlerini aýtdy we Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyşyna ak pata bermeklerini haýyş etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew şu günki taryhy wakanyň ähmiýetini belläp, gadymdan gelýän dostlukly özbek-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze derejä çykarylýandygyny, ony has-da pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryny nygtady we söwda merkezini açmaga ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz hem dabara gatnaşyjylary bu taryhy waka bilen gutlap, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegine ak pata berdi. Şol pursatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri serhetýaka söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek bölekleriniň girelgesindäki toý bagyny dabaraly ýagdaýda kesýärler. Soňra serhetýaka söwda merkezi barada taýýarlanan wideoşekil görkezildi.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny — «Ýokary derejeli dostluk» ordenini gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle çözgüdiň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa goýulýan hormatyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlarynyň Özbegistanyň halky tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr.

Özbegistanyň Prezidenti şu günki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan ýoly mynasyp dowam etdirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýene-de bir gezek gutlady.

«Siz görnükli döwlet işgäri hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, meniň gadyrly doganym Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Ozal hem belleýşim ýaly, ýurduňyzda adamlaryň abadan durmuşynyň ygtybarly binýadyny döredýän giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Men her gezek doganlyk Türkmenistana baranymda, Siziň baştutanlygyňyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň şaýady bolýaryn» diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady. Dostlukly ýurduň Lideri şu gün geçirilen gepleşikleriň dowamynda Arkadag şäheriniň hemmeler üçin nusgalyk bolup durýandygyny belläp geçendigini aýtdy we Özbegistanyň degişli ýolbaşçylarynyň bu şäherde saparda bolanlarynda, şäheriň infrastrukturasynyň olarda ýakymly täsirleri galdyrandygyny we innowasion şäheri gurmakda doganlyk Türkmenistandan köp zatlary öwrenip boljakdygyna üns çekendigini aýtdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew iki döwletiň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köp sanly Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş edýändiklerini, halkara gatnaşyklarda ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini we bu gatnaşyklaryň beýleki döwletler üçin görelde bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimizi Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyň berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de bu sylagyň iki ýurduň arasyndaky berk dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň nyşanyna öwrülmegini arzuw etdi.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza «Ýokary derejeli dostluk» ordenini gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamak baradaky kabul edilen çözgüt üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bu sylagy Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, köpasyrlyk türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Garagalpak Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Kaşkaderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Surhanderýa oblastynyň häkimiýetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň arasynda Türkmen-özbek bilermenler geňeşini döretmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kanunçylyk we hukuk syýasaty institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; halkara awtomobil ýolagçy we ýük gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Ylalaşyga goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda nebit önümlerini we himiki suwuk ýükleri daşamak üçin demir ýol wagonlaryny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň arasynda 2026 — 2030-njy ýyllarda tokaý hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasy”; 2013-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga goşmaçalar girizmek hakynda Teswirnama; Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň işi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Şertnama bar.

Soňra hemmeleriň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Resminamalary alyşmak dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimizi we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, bu taryhy saparyň doganlyk ýurtlaryň arasynda ýola goýlan aýratyn ýakyn gatnaşyklaryň aýdyň güwäsidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde şu gün ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilendigini, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygynyň tassyklanandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda möhüm ugurlaryň kesgitlenendigini hem-de birnäçe möhüm resminamalara gol çekilendigini aýtdy.

Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäheriniň Halkara howa menziline bardylar.

Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine we gazanylan ylalaşyklara kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga, özara bähbitlilige, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini tassykladylar we birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Hökümet agzalary hormatly Prezidentimizi Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanylmagy hem-de dostlukly ýurda amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

***

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary özbek kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.