29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň
arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gyrgyzystanyň baştutany milli
Liderimiz bilen mähirli salamlaşyp, hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen
gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady
taýdan ösüşine, halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen
döwlet işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň gyrgyz
kärdeşi bilen ynanyşmak, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasynda
ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan döwletara
gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige
kanagatlanma bildirdi.
Iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklaryň
ýerine ýetirilişine ýokary baha berip, umumy pikire görä, ägirt uly
mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
ösdürilmegine bolan oňyn çemeleşmeleri ylalaşdylar. Hususan-da, taraplar
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, ikitaraplaýyn
ugradylýan harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek,
iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň göni gatnaşyklaryny ýola goýmak
bilen baglanyşykly meseleleri işläp taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny
bellediler.