Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa
Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa
Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy
arzuwlaryny iberdi.
Gutlagda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň
çäklerinde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşygy ýakymly
duýgular bilen ýatlaýar.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem iki ýurduň arasynda özara
düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli
ösýändigini bellemek bilen, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp,
Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk,
Awstriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.