Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip,
milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça
wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat
berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş
toparlary tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur
alyp, adwokatura we adwokatlyk işi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli
edaralary, ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk
ýagdaýy, hukuk namalary, notariat we notarial işi, şeýle hem aw awlamak we aw
baýlyklaryny goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy bilen
baglanyşykly häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap
üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň wekilleri halkara
guramalar we olaryň ýöiteleşdirilen düzümleriniň wekilleri, daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen geçirilen duşuşyklara, maslahatdyr forumlara, gepleşiklere
gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň
bölüminiň täze edara binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Daşoguz
welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň täze edara binasyny gurmak
baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengaz»
döwlet konserni tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly
ibermek hem-de gaz akdyryş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek,
bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak
we olara halkara tejribäni ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, gaz akdyryş ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek bilen bagly
taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin
işleriň alnyp barlyşy, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli
geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleri alnyp
barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini
bellenen agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek üçin zerur çäreler
görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri dowam
etdirilýär.
Şeýle hem wise-premýer oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde
ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergini,
halkara ylmy maslahaty, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň V
mejlisini, şeýle hem «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň
jemleýji tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek işlerini dowam etmegiň,
bugdaý ekişini guramaçylykly alyp barmagyň, ýetişdirilen pagta hasylyny
ýitgisiz ýygnap almagyň möhümdigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary derejede geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da
kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk işiniň döwlet
tarapyndan düzgünleşdirilmegini we dolandyrylmagyny kämilleşdirmek, düýpli maýa
goýumlaryň netijeliligini gazanmak, gurluşyk pudagynda kabul edilen
maksatnamalary bellenen möhletlerde netijeli durmuşa geçirmek, ilatly ýerleriň
durnukly ösdürilmegini yzygiderli amala aşyrmak, paýly gurluşygyň meselelerini
has-da düzgünleşdirmek hem-de gurulýan desgalaryň we binalaryň öz wagtynda,
ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen zerur işler
alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
gurluşyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly
taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasyndaky
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde köpugurly sergilere möhüm orun
degişlidir. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň
Gülüstan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň gatnaşmagynda eksport
mümkinçiliklerine ýöriteleşdirilen sergini geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan
welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge ýokary derejede
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Seýidowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem-de Hasyl
toýy mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, sergileriň we
baýramçylyk konsertiniň, şeýle hem täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň
geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, noýabr aýynda Türkmenistanyň
halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň
doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara guralar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda
bellenýän baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy
taýýarlyk görmegiň, ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary
derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa «Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna» laýyklykda,
şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen maksatnamalarda we konsepsiýalarda
bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabr-dekabr
aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara bilim
olimpiadalary we bäsleşikleri, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlar barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sanly ulgam arkaly hem-de utgaşykly
görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary bilen
birlikde dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň, halkara
guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hususan-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça IV halkara internet
olimpiadasyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde
«Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy»
atly halkara ylmy-amaly maslahaty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetinde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly
maslahaty we IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny, Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak —
ykdysady ösüşleriň özeni» atly halkara internet olimpiadasyny, Türkmen döwlet
ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara
tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly II halkara ylmy-amaly maslahaty
hem-de maliýe dersi boýunça II açyk halkara olimpiadany, Türkmen döwlet maliýe
institutynda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça II açyk
halkara olimpiadany, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynda fizika dersi boýunça V açyk halkara internet olimpiadasyny,
Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Ýaşyl Zemin — abadan durmuş» atly ýaş
fotožurnalistleriň halkara döredijilik bäsleşigini, Türkmen oba hojalyk
institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny»
atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň
röwşen ýoly» atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigini, Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Halkara ulag-logistiki
hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly
halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
degişli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara maslahatlary
hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna
boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, şol sanda Ýewropa
ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda Italiýa
Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy
iýunynda ýola goýuldy. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara
bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialog giň
ugurlary öz içine alýar. Şu günki güne çenli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň
hukuk binýady resminamalaryň 39-sy bilen berkidildi.
Netijeli syýasy gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki
saparlara we duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda,
Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylyň noýabr aýynda, 2015-nji ýylyň maý aýynda
Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi we iş saparlary hem-de Italiýanyň
Premýer-ministriniň 2014-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyza amala aşyran iş
sapary möhüm wakalar bolup durýar. Şeýle hem 2019-njy ýylyň noýabr aýynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna sapary amala aşyryldy.
Ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler şu ýylyň maý aýynda geçirilen «Merkezi
Aziýa — Italiýa» birinji sammitiniň çäklerinde hem dowam etdi.
Iki ýurduň arasynda parlamentleriň, hökümetleriň we
daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça-da netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.
Halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Italiýa
Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň ählisini goldady hem-de olaryň 10-syna
döredijileriň biri bolup çykyş etdi. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyndan ugur alyp, Italiýanyň başyny başlan durnukly ösüş babatda halkara
taslamalaryny we meýilnamalaryny goldaýar.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk energetika,
ulag, hususy telekeçilik ulgamlarynda we beýleki ugurlarda okgunly ösdürilýär.
Ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir, iki ýurduň
wekilleriniň gatnaşmagynda dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň baý taryhy-medeni mirasa eýedigi
bellenildi. Italiýaly arheologlar 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen kärdeşleri
bilen ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinde bilelikde gazuw-agtaryş işlerini alyp
barýarlar. Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-italýan iş topary hereket edýär.
Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli
aralykda Rim şäherinde Türkmenistanyň arheologiýa sergisini geçirmek boýunça
işler alnyp barylýar.
Bilim ugry boýunça hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar
yzygiderli ösdürilýär. Türkmen ýaşlarynyň wekilleri Italiýanyň ýokary okuw
mekdeplerinde okaýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-sinde we orta
mekdepleriniň 6-synda italýan dili öwredilýär. 1998-nji ýyldan bäri
Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary okuw mekdepleri Ýewropa Bileleşiginiň
TEMPUS (ERASMUS) maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik
ýörelgesi» atly kitabynyň italýan diline terjime edilip, çapdan çykarylandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak
resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we
pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Häzirki wagtda bu sapara taýýarlyk görmek
maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Saparyň çäklerinde döwlet
Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý
muzeýinde geçiriljek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň
açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça
hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna
gol çekmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly
ähmiýet berýändigini, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha
pugtalanýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine
Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapara gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Çakyýew deňiz-derýa ulaglary pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri
taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Halkara Deňiz Guramasynyň
(IMO) degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek
we bu ugurda deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen zerur
işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik
Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklibi
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.