20-nji oktýabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de
birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan
işler barada hasabat berdiler. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz birnäçe resminamalara gol çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.