milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
11 sagat öň 8 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. «Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi hem-de toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2025-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenjekdigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň we geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. «Bu işlerde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» öňde goýlan wezipelerden ugur alýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol döwletimiziň daşary syýasatyna, halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işlerine aýratyn üns berýändigini, bu gulluga hemmetaraplaýyn ýardam edýändigini, hususan-da, onuň guramaçylyk, hukuk, maliýe we maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek, işgärleriň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda yzygiderli goldaw berýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyza diplomatik gullugyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiziň diplomatik işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça berýän ýardamlarynyň diplomatlar üçin aýratyn gymmatlydygyna üns çekildi.

Mälim bolşy ýaly, daşary syýasatyň üstünlikli alnyp barylmagynda halkara diplomatiýa, halkara hukuk, ykdysadyýet, žurnalistika we beýleki ugurlar boýunça ussat hünärmenler zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň 20-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň diplomatik işgärlerini taýýarlamakda möhüm orny eýeleýär. Geçen 17 ýylyň dowamynda bu milli diplomatiýa mekdebi ýüzlerçe hünärmeni taýýarlady. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň dürli edaralarynda zähmet çekip, döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, halkara abraýynyň has-da artdyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Çykyşynyň ahyrynda wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur işleriň amala aşyryljakdygyna ynandyryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň möhüm syýasy wakalaryň biri bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda wajyp ähmiýetli halkara çäreleriň geçirilendigini belledi.

«Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň gabat gelmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde bolsa ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi biziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Bu ugurda köp sanly iri çäreler geçirildi, möhüm resminamalar kabul edildi. Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary derejede geçirildi. Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyran bu maslahatyň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi, şeýle hem 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde bolsa «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz ýakyn günlerde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň bolsa döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende göterer, dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna uly hormat bilen garalýandygyny görkezer. Bu wakalaryň ählisi Türkmenistanyň daşary syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da dabaralandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda halkara guramalar bilen ýola goýlan işleri mundan beýläk-de ösdürmegi netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, geljek, 2026-njy ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalary öňe sürmekden we durmuşa geçirmekden ybaratdygyna ünsi çekdi. Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek babatda degişli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň wajyp ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belledi.

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy örän giň gerimlidir we köp sanly ugurlary öz içine alýar. Geljek ýylda-da Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede hyzmatdaşlygy berkitmegi dowam etdirer. Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, şeýle hem Hazarýaka sebitdäki döwletler bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary dowam etdirer» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletler bilen ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk alnyp barlar. Türkmenistan Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürer. Häzirki döwürde bu sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşler gazanylýar. Döwlet Baştutanymyz bu sebitleriň ýurtlarynyň hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerine ünsi çekdi.

«Biz Aziýadan Ýewropa üstaşyr ulag geçelgesiniň bölegi bolan «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasyny amala aşyrmagyň üstünde-de degişli işleri ýerine ýetirmeli. Ýewropa ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler. Şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermeli. Biz Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Afrika yklymynyň döwletleri bilen hem gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdüreris. Şunda Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde hyzmatdaşlygy bellemek isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geljek ýylda hem köp sanly halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigine ünsi çekdi. 2026-njy ýylda ýurdumyzyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy giňden bellenip geçiler. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy Türkmenistanda geçiriler. Geljek ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder. Ýurdumyzda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi guralar. Hormatly Prezidentimiz halkara giňişlikde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň uly işleri alyp barjakdygyna berk ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda Karara, şeýle-de ýurdumyzyň raýatlaryny hem-de daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany A.Ataýewa söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy, mejlise gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň halkara ähmiýetli tekliplerini amala aşyrmak babatda işleriň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen ugurlar boýunça alnyp barylýandygy bellenildi.

A.Ataýewa üstünlikli işlemäge berilýän uly üns, döredilýän ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza türkmen diplomatlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. «Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýeten belent sepgitlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

***

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, «Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmekde, onuň halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ýokarlandyrmakda, halkara gatnaşyklarda «Açyk gapylar» syýasatyny, «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyny baş ýörelge edinen ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny, ata Watanymyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmekde, türkmen Bitaraplygynyň syýasy, diplomatik, hukuk, ykdysady, durmuş-medeni, ynsanperwer mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürmekde we durmuşa geçirmekde, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmekde goşan uly şahsy goşandyny, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem halk köpçüliginden, zähmet toparlaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan köp sanly teklipleriň esasynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow dabara gatnaşyjylaryň, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi döwlet sylagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi. Wise-premýer, daşary işler ministri «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanandyklary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmak ugrunda geljekde hem ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy hem-de döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet sylaglarynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Watan goragçylarynyň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar hem-de Watana ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri barada kasam etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli özüne gowşurylan sylagy — «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hemmeleri ýene-de bir gezek hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy, şeýle hem gowşurylan döwlet sylaglary bilen gutlap, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.