milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10.02.2024 371 Habarlar

Düýn – 9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda makroykdysady görkezijiler, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, bank ulgamynyň durnuklylygyny saklamak, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropilen öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, gurluşyk, senagat we energetika, söwda we dokma senagaty, ulag we kommunikasiýalar, aragatnaşyk, oba hojalyk toplumlarynyň alyp baran işleri, halkara gatnaşyklarynda, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda ýetilen belent sepgitler, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.