milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
28.12.2024 103 Habarlar

Düýn – 27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, dükanlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi, raýatlarymyzyň gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçmekleri üçin ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.