milli goshun logo
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi
12 sagat öň 11 Habarlar

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna seretmek maslahatyň gün tertibindäki esasy mesele boldy.

Deputatlar «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler. Oýlanyşykly hasaplamalara esaslanýan, döwletiň we jemgyýetiň serişde mümkinçiliklerine daýanýan esasy maliýe-hukuk resminamasy täze taryhy döwrüň belent maksatlaryna tiz wagtda ýetmäge hyzmat eder. Şeýle-de «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary biragyzdan kabul edildi.

Soňra «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Kanun ýurdumyzda wirtual aktiwleriň döredilmeginde, saklanylyşynda, ýerleşdirilmeginde, ulanylyşynda we dolanyşygynda döreýän gatnaşyklary kadalaşdyryp, olaryň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitlär. «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýany ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleriniň döredilmeginde hem-de peýdalanylmagynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Ol ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine eýeçilik hukuk goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Deputatlar 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen «Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem seretdiler.

Maslahatyň dowamynda «1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy.

Deputatlar «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna hem seretdiler.

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda ara alyp maslahatlaşmaga hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlislerinde, hojalyk iş maslahatynda şanly senä bagyşlanyp guraljak halkara forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli möhüm çäreler barada pikir alşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 31-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydyklary barada kesgitlän wezipelerinden ugur alyp, häzirki wagtda deputatlaryň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda öňde durýan işler kesgitlenildi.