Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty
tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «ECO Heritage» atly žurnalyň ýörite
sany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Onda şanly ýylda Türkmenistanyň syýasy
we medeni durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara, dünýäde üç gezek biragyzdan
ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine, ikitaraplaýyn
hem-de köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, medeni
gymmatlyklara bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir.
Žurnal ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň degişli
Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan
edilen 2025-nji ýylyň nyşany hem-de Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten
sepgitlerini beýan edýän suratlar bilen açylýar. Geçen 30 ýylyň dowamynda
hemişelik Bitaraplyk döwlet berkararlygymyzy pugtalandyrýan, ýurdumyzyň daşary
syýasy ugruny kesgitleýän möhüm gymmatlyga öwrüldi. Türkmen Bitaraplygynyň
aýratynlyklary, onuň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün
etmekde eýeleýän orny neşiriň ilkinji sahypalarynda ýerleşdirilen makalada
giňişleýin açylyp görkezilýär.
Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna bagyşlanan makalada
giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň daşary syýasy
başlangyçlarynyň ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk, ynsanperwer gymmatlyklary
ilerletmek ýaly asylly maksatlara ýetmäge gönükdirilendigi bellenilýär.
Türkmenistan halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga çalyşmak
bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäde ykrar edilmegine, daşary
ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, has
durnukly, ynsanperwer halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen işleri
alyp barýar.
Şu ýylyň şygaryna bagyşlanan makalada bu barada
giňişleýin söhbet edilýär. Onda hemişelik Bitaraplygyň şanly ýylynyň
milliligiň, sazlaşyga we özara hormata esaslanýan bitewüligiň dabaralanmasyna,
geljek üçin garaýyşlaryň täzelenmesine öwrülendigi nygtalýar.
Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD)
boýunça üçünji maslahaty şu ýylyň möhüm halkara wakalarynyň biri boldy.
Maslahatyň taryhy ähmiýetine bagyşlanan makalada DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan
meselelerini toplumlaýyn çözmäge gönükdirilen köp sanly çäreleri özünde jemlän
iri forumyň diňe bir diplomatik ara alyp maslahatlaşma bolmak bilen çäklenmän,
eýsem, ylma esaslanýan oýlanyşykly başlangyçlary işläp taýýarlamak, bu babatda
syýasy tagallalary birleşdirmek üçin hem uly ähmiýete eýe bolandygy
bellenilýär.
«Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen
hyzmatdaşlygy» hem-de «Türkmenistanyň we YHG-a agza döwletleriň arasyndaky
hyzmatdaşlyk: sebit gatnaşyklarynyň we durnukly ösüşiň nusgasy» atly
makalalarda sebitiň 10 döwletini agza hökmünde özüne birleşdirýän abraýly
halkara düzümiň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi
barada söz açylýar. Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň bu düzüme agza
döwletler — Eýran, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygynyň ösüşine bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanyň Merkezi Aziýada eýeleýän ornuna bagyşlanan
makalada öňüni alyş diplomatiýasynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň möhüm
bölegi bolup durýandygyna üns çekilýär.
«Arkadag şäheri: arzuwlaryň hasyl bolmagy, Türkmenistanda
geljegiň şäheriniň ösüşi» atly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker.
«Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşe tarap ýoly» atly
makalada bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň möhüm ulag geçelgeleriniň kesişýän
ýerinde strategik taýdan amatly ýerleşýän, baý tebigy serişdeleri we gadymdan
gelýän medeni mirasy bolan Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanyp, öňden gelýän
däpleriň we innowasiýalaryň sazlaşygyny özünde jemleýän ösüş nusgasyna eýerdi.
«ECO Heritage» žurnalynyň ýörite
sanynda halkymyzyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky makalalara hem
orun berlipdir. «Türkmenistanyň medeniýeti: mirasy, özboluşlylygy we döwrebap
ösüşi» atly makalada nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň medeni mirasy çuň taryhy
köklere eýedir.
***
Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän
hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral
Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan
üstünliklerine bagyşlady.
Žurnalyň girişinde ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna
giňişleýin düşündiriş berýän makala ýerleşdirilipdir.
Neşirde Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmünde
halkara giňişlige çykan wagtyndan bäri daşary syýasatynda üç esasy ýörelgäni —
milli bähbitlere berk daýanmagy, gadymdan gelýän mirasa ygrarlylygy we halkara
diplomatiýasyna döredijilikli çemeleşmegi ugur edinendigi bellenilýär.
Neşirde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makala aýratyn orun berlipdir.
«Business Сentral Asia» halkara žurnalynda Türkmenistanyň
şu ýylyň dowamynda gatnaşan sammitlerine we olaryň dowamynda beýan edilen
başlangyçlara bagyşlanan makala aýratyn üns çekilýär.
Neşirde «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogynyň dördünji
mejlisi barada hem durlup geçilýär.
Žurnalda «Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşdy» atly makala ýerleşdirilipdir.
Neşirde Türkmenistanyň ykdysady özgertmelerini beýan edýän
makala-da ýerleşdirilipdir.
«Business Сentral Asia» halkara žurnalynyň nobatdaky sany
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyna bagyşlanan makala bilen jemlenýär.
***
Gruziýada «Foreign Business in Georgia» žurnalynyň
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sany
neşir edildi. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň
syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara hem-de
türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşine degişli makalalar ýerleşdirilipdir.
Žurnalda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň sentýabrynda
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar
mejlisinde eden çykyşy baradaky makala ýerleşdirilipdir.
«Türkmenistan — Gruziýa: parahatçylygyň bähbidine
hyzmatdaşlyk we däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk» atly makalada bu
baradaky maglumatlar giňişleýin beýan edilýär.
Neşirde oktýabr aýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň 5-nji
Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetine hem üns çekilýär.