1. Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek
Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde okamaga isleg bildiren, 2024-nji ýylda
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny
doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň
arasynda geçirilýär.
2. Ýöriteleşdirilen harby
mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby
terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik
tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan
başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.
3. Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar.
4. Ýöriteleşdirilen harby
mekdeplerde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta
mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäklerinde dersler
boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersinden diktant
kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
5. Ýöriteleşdirilen harby
mekdeplerine okuwa kabul edilen okuwçylar umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby
eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýärler. Olara günde dört wagtyna
nahar berilýär.
Kabul ediş topary.