Düýn – 18-nji
fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap
Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik
protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň
diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň
ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar
gatnaşdylar.
Ilki bilen, dabara
gatnaşyjylar institutyň «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine baryp
gördüler we bu bilim ojagynyň geçen ýoly hem-de gazananlary bilen tanyşdylar. Institutyň
eýwanynda ýörite serginiň guralmagy, şeýle-de türkmen diplomatiýasynyň taryhyny,
bu ýokary okuw mekdebiniň döredilişini beýan edýän wideofilmiň görkezilmegi has-da
täsirli boldy.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.