milli goshun logo
Türkmenistanyň bank ulgamy kämilleşdirilýär
Türkmenistanyň bank ulgamy kämilleşdirilýär
28.07.2020 1539 Habarlar

Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki wagtda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary üçin esasy wezipedigini belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Sanly özgertmeler müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Häzir Türkmenistanda ulanylýan bank kartlarynyň möçberi dört milliondan (Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, 4 million 288 müň 600) geçdi. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bank kartlary arkaly geçirilen nagt däl tölegleriň möçberi 814,8 million manatdan geçip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 2,42 esse artdy.

Geljekde “sanly banky” döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, şahamçalary bolmadyk banklardyr, şolaryň ornuny Call-merkezi hyzmatlar gullugynyň işgärleri tutýar. Şunuň ýaly bank uzak aralykdan ösen sanly hyzmatlar ulgamyna — internet-banklaryna, ykjam banklara, şahsy iş otaglaryna, saýtlara we hususy hem-de korporatiw müşderiler üçin saýtlara we beýleki ýöriteleşdirilen hyzmatlara eýe bolmalydyr. Adatça, şunuň ýaly hyzmatlardan müşderileriň 90 göterimden gowragy peýdalanmalydyr, şunda amallar gije-gündiziň tutuş 24 sagadynyň dowamynda amala aşyrylyp bilner.