2025-nji ýylyň 13 – 15-nji oktýabry aralygynda Baku we
Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet
günleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar
berilýär.
2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň
medeniýet wekiliýetiniň Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Azerbaýjan
Respublikasynyň Medeniýet ministri Adil Kerimliniň we Türkmenistanyň Medeniýet
ministriniň orunbasary Nursahet Şirimowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda
taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, medeni we ynsanperwer
hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, muzeýler we medeni merkezleriň arasyndaky
gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de, şol gün Baku şäherindäki Geýdar Aliýew
merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
Açylyş Dabara Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministri, Azerbaýjanyň
Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti, ýurduň Milli Mejlisiniň deputatlary,
diplomatik korpusyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we öňdebaryjy
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri
hem-de şäheriň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynyň çäklerinde «Arkadagdan arkaly türkmen milli mirasy» atly sergi guraldy. Sergide ýurdumyzyň muzeýleriniň gymmatly eksponatlary,
halk amaly-haşam sungatynyň, milli geýimleriň, halyçylyk hem-de surat
eserleriniň nusgalary görkezildi. Şeýle hem fotosergi bölüminde türkmen
halkynyň taryhyny, türkmen durmuşynyň däp-dessurlaryny we türkmen tebigatyny beýan
edýän suratlar ýerleşdirildi.
Soňra Geýdar Aliýew merkeziniň sahnasynda Türkmenistanyň
medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertde
döwlet tans toparlary, Türkmenistanyň halk artistleri, sazandalary hem-de
aýdymçylary çykyş etdiler. Milli saz gurallary bilen ýerine ýetirilen çykyşlar
tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşylandy.
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Azerbaýjanyň Milli
kitaphanasynda «Türkmen edebiýatynyň burçy» açyldy. Bu bölümde ýurdumyzyň
medeniýeti, taryhy hem-de edebiýaty bilen bagly kitaplar, neşirler we ylmy
işleriň toplumy görkezildi. Çärede iki ýurduň arasyndaky edebi gatnaşyklary
has-da giňeltmek üçin edilen işler, şol sanda doganlyk halklaryň dillerinde
edebi eserleriň özara neşir edilmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, şol gün Baku şäheriniň Deňiz kenary
seýilgähinde Türkmenistanyň milli tagamlarynyň pawilýony açyldy. Pawilýonda
türkmen milli tagamlary, süýji-çörek önümleri hem-de aşhana däpleri görkezildi.
Pawilýonyň öňünde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary
ýerine ýetirildi.
2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Genje şäherindäki Fikret Amirow adyndaky Döwlet filarmoniýasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda azerbaýjan tarapy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine we çykyş eden döredijilik toparlaryna ýokary hünär derejeli taýýarlykly çykyşlary üçin özüniň hoşallygyny bildirdi. Öz gezeginde Türkmenistanyň medeniýet wekiliýeti azerbaýjan tarapyna berlen ýardamlar we görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny bildirdi.