milli goshun logo
Türkmenistanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
16.11.2018 727 Habarlar

Düýn türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary girdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “CAREC 2030: Söwdany giňeltmek we diwersifikasiýa ýardam bermek” atly foruma gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň CAREC maksatnamasynyň esas goýujy ýörelgelerini we onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalary bütinligine goldaýandygyny belledi. Şu ýyl biziň ýurdumyzyň çäklerinde energetika, söwda, gümrük meseleleri, ulag, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeleri ösdürmek, adam ösüşi ýaly ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk amala aşyrylýan bu abraýly maksatnama başlyklyk edýär.

Milli Liderimiziň forumyň açylyşynda okalan Gutlagynda hem maslahatyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň dünýäde häzirki ösüş meýilleri bilen bagly örän uly amaly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar. Häzirki döwrüň ählumumy wehimleri ähli ýurtlara we sebitlere göni täsir edýär, durmuş-ykdysady ösüşe düýpli täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan ählumumy tagallalary goldamak bilen, uzakmöhletli geljekde hyzmatdaşlygyň nusgalaryny işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär. CAREC-iň şu günki maslahaty hem şuňa gönükdirilendir.

2018-nji ýyl CAREC-iň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasyny durmuşa geçirmekde badalga ýyly bolup durýar. Bu strategiýa sebitde ykdysady durnuklylygy goldamaga, agza ýurtlaryň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyna gönükdirilendir. Şunlukda, biziň ýurdumyz hyzmatdaşlyga çemeleşmelerini Merkezi Aziýa sebitine häzirki döwürde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde garamak nukdaýnazaryndan kemala getirýär.

CAREC-iň şu maslahatynyň ýurdumyzda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygar astynda geçýän ýylda guralandygy bellärliklidir. Munuň özi halkara forumyň işine aýratyn öwüşgün çaýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitaby gadym döwürlerde Gündogaryň we Günbataryň ýurtlaryny baglanyşdyran taryhy ýoluň ugrunda ýaşan halklaryň özara gatnaşyklaryna bagyşlanýar. Bu kitapda ägirt uly Ýewraziýa giňişliginde ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklaryň kemala gelmegine täsir eden meşhur söwda ýolunyň ähmiýeti açylyp görkezilýär.

Şunuň bilen baglylykda, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi CAREC-iň 17-nji ministrler maslahatynyň adynda öz beýanyny tapýar. Söwda islendik döwletiň ykdysadyýetinde hem-de sebitleýin hyzmatdaşlykda möhüm orny eýelemek bilen, goşulyşmagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi bolsa döwletleriň ykdysadyýetleriniň ösdürilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna ýardam edýär. Merkezi Aziýa giňişliginde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin bu ulgamda ägirt uly mümkinçilikler bar. Amatly maýa goýum ýagdaýyny üpjün etmegiň hem-de işewürlik üçin täze mümkinçilikleri döretmegiň möhüm şertleri hökmünde dolandyryş ulgamyndaky bökdençlikleriň aradan aýrylmagy, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň ýakynlaşdyrylmagy hem hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.

Mundan başga-da, Türkmenistan CAREC Maksatnamasynyň çäklerinde ulag taslamalaryny meýilnamalaşdyrmaga we durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. CAREC-iň geçelgeleriniň birnäçesi biziň döwletimiziň üstünden geçýär. Şolar ýurdumyza günbatara -Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä we Ýewropa, gündogara –HHR-e, demirgazyga –Gazagystana we Russiýa Federasiýasyna, şeýle hem günorta –Arap deňzindäki Karaçi we Gwador portlaryna çykalgalary üpjün edýär. Sebitiň üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy hem-de köpşahaly ulag düzüminiň döredilmegi biziň döwletlerimize ulag-üstaşyr we aragatnaşyk ulgamlary arkaly halkara gatnaşyklara üstünlikli goşulyşmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Milli Liderimiz ulag-aragatnaşyk ulgamynda sebit ähmiýetli iri taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady.

Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy CAREC-e agza döwletler üçin uly ähmiýete eýedir. Ol biziň ýurtlarymyzyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli artdyrmak bilen, sebitiň döwletleriniň energetika howpsuzlygyny hem-de ykdysady durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam eder we tutuş sebitde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň kuwwatly esasy bolar. Bulara TOPH –yň ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň taslamalaryny goşmak bolar.

Aziýanyň ösüş banky CAREC-e agza döwletlerde ählumumy ykdysady we ekologiýa durnuklylygyny gazanmak arkaly garyplygy azaltmak maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de gatnaşyklary ilerletmäge uly goşant goşýar. Ösýän ýurtlaryň durmuş-ykdysady syýasatyny utgaşdyrmak boýunça uly işleri geçirmek bilen hem-de olara tehniki taýdan goldaw berip, Aziýanyň ösüş banky BMG tarapyndan kesgitlenilen ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň strategiki maksatlaryny yzygiderli amala aşyrýar.

Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakao maslahatda çykyş edip, CAREC ýurtlarynyň sebit söwdasyny we eksportuny giňeltmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy.

Ol şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň ösüş ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2000-nji ýylda başlanandygyny hem-de şol gatnaşyklaryň ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmak we sebit hyzmatdaşlygyna goşulyşmagyny sazlaşdyrmak babatdaky tagallalaryny goldamaga gönükdirilendigini belledi. Geçen ýyl Aziýanyň ösüş banky Türkmenistan boýunça 2017-2021-nji ýyllar üçin ilkinji strategiýany kabul etdi. Hyzmatdaşlygyň bu strategiýasy energiýa serişdeleriniň söwdasyny, ulag aragatnaşygyny hem-de kiçi we orta kärhanalaryň maliýeleşdirilmegini goldamaga gönükdirilendir.

Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistana 125 million amerikan dollary möçberindäki maliýe kömegi hem örän netijeli diýlip hasaplanyldy. Bu taslama 2011-2017-nji ýyllarda “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesini döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyryldy. Bu geçelge ýurdumyzyň Gazagystan hem-de Russiýa Federasiýasy bilen ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryny gowulandyrdy.

Ýakynda bolsa 500 million amerikan dollary möçberindäki karz tassyklanyldy. Ol sebitde energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrmak hem-de elektrik energiýasynyň söwdasyna ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň elektrik geçiriji düzümini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň gümrük edaralaryna CAREC-iň beýleki ýurtlarynyň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam bermek bilen, azyk howpsuzlygyny hem-de oba hojalyk önümleriniň söwdasyny üpjün etmek maksady bilen, arassaçylyk we fitosanitariýa çärelerini goldamak üçin hem tehniki kömegini berdi.

Forumyň münberinden çykyş etmek bilen, Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakao düýn milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşyk barada gürrüň berdi. Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, “Gündogar-Günbatar” ugry boýunça demir ýollar, energetika, şol sanda Türkmenistan–Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan (TÖTOP) halkara taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasyny ibermek, Türkmenistan–Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garaldy.

Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysy CAREC sebitinde ykdysadyýetiň we söwdanyň umumy ýagdaýyny anyk maglumatlar arkaly häsiýetlendirip, bu ýagdaýyň gowulanýandygy hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň çaklamalaryna görä, bu oňyn ösüşiň dowam etjekdigini belledi. Jenap Nakao CAREC ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň daşarky wehimlere garşy berk durandygyny hem-de durmuşa ukyplylygyny görkezendigini nygtady. Ol goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin oňaýly ýagdaýyň döredilmeginiň sebitde söwdany ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny aýtdy. Öz nobatynda, Aziýanyň ösüş banky, sebitde goşulyşmak işini goldamak bilen, özüniň täze uzakmöhletleýin, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin strategiýasynda bu tagallalary goldady.

Şu ýyl hem Aziýanyň ösüş banky CAREC ýurtlarynda ulag, energetika, bilim, suw üpjünçiligi we arassaçylyk, şähergurluşygy, söwda, tebigy betbagtçylyklaryň howpuny dolandyrmak we beýleki ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin serişdeleri bermegi meýilleşdirýär.

Biz Türkmenistan–Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny goldamagymyzy dowam etdirýäris diýip, Takehiko Nakao aýtdy. Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysy geçen ýyl geçirilen ministrler maslahatynda kabul edilen CAREC-2030 strategiýasyny durmuşa geçirmekde öňegidişlikleriň gazanylandygy bellenildi. Bu strategiýada amaly ugurlaryň bäşisini goldamak ileri tutulýar. Olaryň hatarynda ykdysady we maliýe durnuklylygy bilen bagly ugur bar. Şu ugurda makroykdysady syýasat boýunça CAREC-iň ýokary derejeli birinji forumy 2018-nji ýylyň maý aýynda Astanada guraldy. Söwda, syýahatçylyk we ykdysady geçelgeler ulgamynda CAREC-iň söwda babatda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin täze utgaşdyrylan maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu maksatnama häzir tassyklamak üçin hödürlenilýär.

Jenap Nakaonyň belleýşi ýaly, şol maksatnama has açyk söwda syýasatyny durmuşa geçirmek, bökdençlikleri aradan aýyrmak hem-de degişli çäreleri ýeňilleşdirmek arkaly ýurtlara söwdany giňeltmäge ýardam eder. Ol şeýle hem ykdysady ösüşi, şol sanda söwda hyzmatlarynyň hem-de elektron täjirçiligini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Syýahatçylyk ulgamynda hem işler başlandy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebit we halkara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda bu ulgama hem aýratyn ähmiýet berýär. CAREC-iň bu babatdaky kömegi statistika ulgamyny standartlaşdyrmak we pugtalandyrmak, syýahatçylygy maglumat taýdan ilerletmek hem-de pudagyň işgärlerini okatmak üçin web-portaly işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr.

Düzümleýin we ykdysady özara baglanyşyk ulgamynda CAREC energetika hem-de ulag babatdaky işini, şol sanda täze energetika tehnologiýalaryny, hususan-da, gün energetikasy babatdaky tehnologiýany kabul etmek hem-de awiasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky işini çuňlaşdyrýar.

Oba hojalygy we suw serişdeleri ulgamynda Aziýanyň ösüş banky gatnaşyjy ýurtlara olaryň arassaçylyk we fitosanitariýa ulgamlaryny, oba hojalyk söwdasyna ýardam bermek üçin lomaý bazarlaryny döwrebaplaşdyrmaga goldaw berýär. Adam ösüşi ulgamynda CAREC ýokary bilim we tälimleri ösdürmek babatda sebit hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça barlaglary taýýarlaýar. Bu mesele hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin işgärleri taýýarlamak ulgamynyň öňünde goýan wezipelerine kybap gelýär.

CAREC-i goldamak üçin möhüm ulgamlar sebitleýin zähmet bazary boýunça maglumat ulgamyny döretmek, standartlary sazlaşdyrmak we bilim derejelerini özara ykrar etmek çärelerini, professor-mugallymlar düzüminiň hem-de talyplaryň arasynda özara alyşmalar maksatnamasyny hem öz içine alýar.

Çykyşyň ahyrynda Takehiko Nakao iki ýyl mundan ozal Aşgabatdaky meşhur Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmekden galan täsirleri barada gürrüň berdi. Ol şol ýerde ajaýyp el halylarynyň toplumlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy. Halylar biri-birinden tapawutlanýar. Şolaryň owadan we täsin bezegi ýurduň köpöwüşginliligini görkezýär we şol bir wagtyň özünde türkmen döwletiniň bitewüligini alamatlandyrýar. Türkmen halylary okgunly ösüşi hem-de sazlaşygy şöhlelendirýär. Bu bitewilik duýgusy hem-de ösüş babatdaky sazlaşyk CAREC giňişliginde hyzmatdaşlygy we goşulyşmagy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýady döredýär diýip, Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysy aýtdy.

Soňra, ministrler maslahatynyň iş mejlisiniň öňüsyrasynda şu duşuşyga gabatlanylyp taýýarlanylan ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ylalaşyklar iki taslama – Türkmenistanyň milli elektrik ulgamyny pugtalandyrmak hem-de Täjigistany Merkezi Aziýa energetika ulgamyna birikdirmek taslamalary bilen baglanyşyklydyr. Ylalaşyklaryň ikisi hem Aziýanyň ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler.

Maslahatyň işi tegelek stol görnüşinde CAREC-iň kabul etmäge hödürlenen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin söwda ulgamynda täze utgaşdyrylan maksatnamasy hem-de onuň 2018-2020-nji ýyllar üçin üçýyllyk strategiki meýilnamasy boýunça pikir alyşmalar bilen dowam etdirildi.

Pikir alyşmalaryň barşynda bäş amaly ulgamlarda CAREC 2030 strategiýasyny durmuşa geçirmek barada wajyp maglumatlar diňlenildi. Aziýanyň ösüş bankynyň departamentleriniň we CAREC-iň sekretariýatynyň ýolbaşçylaryndan başga-da, maslahatda CAREC ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, söwda ulgamy sebitde ykdysady durnuklylyga kuwwatly täsir etmäge, onuň ösüşini höweslendirmäge ukyplydyr. Hut söwda ulgamy ilaty harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edýär, sazlaşykly önümçilik gatnaşyklaryny kemala getirýär hem-de aýry-aýry pudaklaryň, şeýle hem döwletleriň we tutuş sebitiň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar we ýurdumyzyň daşary syýasatynda söwda gatnaşyklarynda aýratyn ähmiýet berýär.

CAREC-iň söwda ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin utgaşdyrylan maksatnamasy hem-de bu maksatnama boýunça 2020-nji ýyla çenli hereketleriň meýilnamasy biragyzdan goldanylandan soň, sebitde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek babatdaky bu strategiki resminamalar kabul edildi.

Günüň ikinji ýarymynda “Ösüş we makroykdysady durnuklylyk üçin eksporty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek” meselesi boýunça iş maslahaty geçirildi. Onuň jemleri boýunça CAREC-iň 17-nji ministrler maslahatyň ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy forumyň jemini jemledi we maslahatyň barşynda gazanylan, hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan netijeleriň örän wajypdygyny belledi.

Ilkinji nobatda, bu duşuşyk taraplaryň netijeli gatnaşyklar ugruna ygrarlydyklaryna, hoşniýetli goňşuçylyk ruhunyň berkligine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi açyklyk, deňlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde sebitde goşulyşmakda möhüm orny eýeleýän hem-de üstünlikli ykdysady ösüşiň netijeli guraly bolup durýan CAREC Maksatnamasynyň tapawutly aýratynlygydyr.

Söwda boýunça täze sebit maksatnamasynyň ähmiýeti örän uludyr: Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki çägi bilen sepleşýän ýurtlaryň bazary öz möçberi hem-de kuwwaty boýunça deňsiz-taýsyzdyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň kitaplarynyň birini bu ýola bagyşlady. Häzirki döwürde biz döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça bu meşhur ýoluň gaýtadan dikeldilýändigini görýäris. Bu ýol Merkezi Aziýanyň iň täze taryhyna täze eýýamy getirýär. Merkezi Aziýa dünýäniň okgunly ösýän hem-de ilatynyň sanynyň köplügi bilen tapawutlanýan sebitleriniň biridir. Bu sebit esasy sarp edijiler islegleriniň, iri söwda akymlarynyň täze zolagyny kemala getirýär.

Üstaşyr we söwda ugurlarynyň ösdürilmegi bilen birlikde, sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde nobatdaky ädimler goşmaça bahanyň täze ulgamlaryny döretmek, maliýe bazarlarynyň goşulyşmagy we amatly işewür hem-de maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi ýaly ugurlar bilen bagly bolup biler.

Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň wekilleri CAREC Maksatnamasynyň meýdançasyny düzümleri we söwdany ösdürmegiň özara bähbitli taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin, CAREC-iň giňişligini bolsa giň möçberli işleri ilerletmäge hem-de milli ykdysadyýetleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmäge ukyply şert hökmünde ulanmak üçin meýilleri tassykladylar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, forumyň netijeli işlemegi babatda iň gowy şertleriň döredilendigi, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ägirt uly şahsy goşandy hem-de bu ulgamdaky oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Düýn ýurdumyzyň myhmanlary – CAREC-iň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler. Olar şol ýerde Türkmenistanyň atçylyk sungatynyň däpleri we häzirki döwürde ösüşi bilen tanyşdylar, ajaýyp bedewlere, şan-şöhraty dünýä dolan tohumyň iň gowy wekillerine syn etdiler. Aziýanyň ösüş bankynyň baştutanynyň belleýşi ýaly, türkmen halylarynda halkyň, ýurduň köpöwüşginliligini we bitewüligini görmek bolýar, ajaýyp ahalteke bedewlerinde bolsa okgunly ösýän Türkmenistanyň keşbi öz beýanyny tapýar.