Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek
boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzda täze döredilen
etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň
çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher
halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçirilen
saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi, tassyklanyldy we yglan edildi.
Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, degişli iş toparlarynyň wekilleri, milli
synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde bellenilişi ýaly, saýlawlar giň bäsdeşlik, açyklyk
we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň demokratik
ösüş ýoluna, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlup, hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy ugra
ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Bu strategiýa döwlet hem-de
jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala
aşyrmagy göz öňünde tutýar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary
öz wagtynda, milli saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna, umumy ykrar edilen
halkara standartlara laýyklykda guraldy. Möwsümiň dowamynda we saýlawlaryň
geçirilen gününde saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezmegi şu gezekki
jemgyýetçilik-syýasy çäräniň häsiýetli aýratynlygy boldy.
Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw
toparlarynyň başlyklarynyň saýlawlaryň netijeleri barada hasabatlary
diňlenildi. Saýlaw kodeksine laýyklykda we demokratik standartlara esaslanyp,
saýlaw okruglarynyň 363-sinde degişli saýlaw toparlary tarapyndan dalaşgärleriň
759-sy hasaba alyndy. Ähli saýlaw okruglarynda her bir orun üçin iki ýa-da
ondan köp dalaşgär bäsleşdi. Mejlisiň gün tertibindäki esasy meselä —
saýlawlaryň gutarnykly netijelerini jemlemek, tassyklamak hem-de yglan etmek
meselesine üns çekilip, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň
teswirnamalaryndaky maglumatlara esaslanyp, ýurdumyzda täze döredilen
etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda 285 dalaşgärden
140-synyň, Mejlisiň deputatlygyna saýlawlarda 14 dalaşgärden 5-siniň, welaýat,
Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda 9 dalaşgärden
3-siniň, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda 25
dalaşgärden 12-siniň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda 426 dalaşgärden
203-siniň saýlanandygy yglan edildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar saýlawlaryň geçirilişine syn eden
milli synçylaryň işini, saýlawlaryň guramaçylyk taýdan ýokary derejede
geçirilendigini bellediler. Şeýle-de saýlaw möwsüminiň dowamynda köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ilaty saýlawlar baradaky maglumatlar
bilen üpjün etmekde netijeli işleri alyp barandyklary, oňa jogapkärli
gatnaşandyklary nygtaldy. Saýlaw uçastoklarynyň ählisiniň döwrebap aragatnaşyk
enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy esasynda maglumatlaryň Türkmenistanda
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara öz wagtynda
iberilmegi üpjün edildi. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda, saýlawlaryň
netijeleri gysga wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň
dykgatyna ýetiriler.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar saýlawlaryň ýurdumyzda
hereket edýän saýlaw kanunçylygyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen
kadalaryna laýyklykda geçirilendigini tassykladylar.