10-njy oktýabrda Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.
10-njy oktýabrda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara ylmy maslahat ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döreden esasy çäreleriň biri boldy.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirilen foruma saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Olara sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň birnäçesinden – Russiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Rumyniýadan tanymal alym-professorlar, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleri goşuldylar. Bularyň hemmesi lukmançylyk diplomatiýasynyň ýokary kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly halklaryň hem-de döwletleriň arasyndaky ýeke-täk maksada – adam ömrüni bilelikde halas etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamaga we dikeltmäge ýardam etmek maksadyna hyzmat edýändiginiň subutnamasydyr.
Forumyň işine başlamagynyň öň ýanynda Türkmenistany sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmäge, ýurdumyzyň baş baýlygyny artdyrmaga – adam saglygyny üpjün etmäge uly goşant goşan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň bir toparyny sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna we Kararyna hem-de beren tabşyrygyna laýyklykda, olar döwlet sylaglary we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanyldy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 13-nji jildi gowşuryldy.