27-nji
noýabrda paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş
tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII
halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy we onuň çäklerinde ylmy maslahat
geçirildi. Olar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy
tarapyndan guraldy.
Şu ýyl sergide
öz mümkinçilikleri, öndürýän önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen türkmen
aragatnaşyk kärhanalary hem-de Owganystandan, Belarussiýadan, Beýik
Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Ysraýyldan, Ispaniýadan, Gazagystandan,
Hytaýdan, Monakodan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden,
Russiýadan, Rumyniýadan, Sloweniýadan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan,
Fransiýadan, Şwesiýadan, Şweýsariýa Konfederasiýasyndan kompaniýalar
tanyşdyrýarlar.
Daşary ýurtly
sergä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary,
aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynyň bazarynda öňdebaryjylar — «Thales
Аlenia Space», «Nokia», «HUAWEI», «Samsung», «Apple», «Sony», «DHL», «Cisco»,
«Space Systems International Monaсo» ýaly kompaniýalar bar. Paýtagtymyzda
geçirilýän sergä diňe işewür toparlar däl-de, eýsem, degişli ugur boýunça esasy
hünärmenler, alymlar uly gyzyklanma bildirdiler.
«Türkmenistan
we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary» diýen ylmy maslahat işewür
maksatnamanyň esasy wakasy boldy. Onuň dowamynda pudaklaýyn aragatnaşyk,
kommunikasiýa, ulag ulgamlarynyň esasy hünärmenleri, ýolbaşçylary teklipleri
bilen çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda «Airbus Defence and
Space», «SSI Monako», «Rohde & Schwars», «NTT DATA Romania», «Nokia
Solutions and Networks» daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bolup, olar
aragatnaşyk toplumynyň möhüm ugurlarynyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi
barada maglumatlary almak bilen birlikde, hemra aragatnaşyk tehnologiýalary we
programmalaýyn önümleriň bazary, sanly ulgamy ornaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk ýaly
meseleler boýunça pikir alşyp biler, şeýle hem mundan beýläk hyzmatdaşlyk
etmegiň görnüşlerini hem-de maýa goýmak mümkinçiliklerini kesgitläp biler.
28-nji noýabrda forum öz işini dowam eder.