Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň
adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň
arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri
arzuw etdi.
Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip,
hormatly Prezidentimize Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň
mähirli salamyny, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem
Lusiano Nkogo Ndong Aýekaba Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly
içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk,
parahatçylyk söýüjilik we dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika ýurtlary
bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen
tanyşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri
barada pikir alşyldy. Şeýle-de ilçä Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri,
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler
hakynda gürrüň berildi.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat parahatçylyk söýüjilikli
syýasaty, netijeli halkara başlangyçlary durmuşa geçirýän Bitarap
Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin
uly hormatdygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.