Paýtagtymyzda
“Türkmennebit” döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy
tarapyndan guralan “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” (OGT-2018) atly XXIII
halkara sergi we maslahat öz işine başlady.
Dünýäniň işewürlik
senenamasynda mäkäm orun alan OGT-2018 forumy uly abraýa eýe boldy. Oňa
gatnaşýan daşary ýurt wekiliýetleriniň wekilçilikli düzümi ýokary islegli
önümleriň eksportuny ösdürmek syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Türkmenistana
gyzyklanmanyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda
ýangyç-energetika toplumy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak,
aýratyn-da, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşe eýe bolan wagtynda ýola
goýmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Sebitde iri nebitgaz forumy
nobatdaky gezek alymlary hem-de bilermenleri, hökümet düzümleriniň we abraýly
guramalaryň wekillerini, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň
hem-de ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň, milli hem-de daşary ýurt habar beriş
serişdeleriniň wekillerini ýygnady.
Dünýäde uglewodorod
serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ägirt uly energetika
kuwwaty bu çärä uly gyzyklanma döretdi. Munuň şeýle bolmagy ýurdumyzyň açyk
energetika syýasaty, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
netijeli halkara başlangyçlary bilen hem şertlendirilendir. Bu başlangyçlar
ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir hem-de dünýä
bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanýar.
Däbe öwrülen Aşgabat forumy
geçirilip gelinýän ýyllary içinde dünýä ýüzünde esasy pudaklaýyn çekişmeler
meýdançasyna öwrülip, bu ýerde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we daşary ýurt
kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna, halkara bileleşigiň wekillerine, bilermenlere
energetikanyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, orta möhletleýin we
uzakmöhletleýin geljekde dünýäniň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşini
çaklamaga mümkinçilik döredildi.
Şu ýyl Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan
kompaniýalaryň 50-ä golaýynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika
toplumynyň edara-kärhanalarynyň diwarlyklary ýerleşdirildi. Bu ýagdaý
Türkmenistanyň dünýäniň iri nebitgaz döwletleriniň hataryna girip, ygtybarly,
geljegi uly hyzmatdaşyň abraýyny gazanandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen
bazary uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlarynyň bolmagy, ýurdumyzda amatly
maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi netijesinde, halkara işewür toparlarynyň
wekilleri üçin özüne çekiji bolup durýar.
Serginiň açylyş dabarasyna
hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik
wekilhanalaryň ýolbaşçylary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, daşary ýurtly
myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýratyn
bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak we
bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady bilen, her
ýyl geçirilýän halkara maslahatyň hem-de serginiň energiýa serişdelerini gözläp
tapmakda, özleşdirmekde we pudagyň işini halkara ülňülerine laýyk getirmekde
ähmiýeti uly bolar.
Forumyň barşynda nebitgaz
pudagynda hem-de metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika pudaklarynda
we senagatda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, şeýle-de, kärhanalaryň
wekilleri diňe öz önümlerini hem-de mümkinçiliklerini görkezmek bilen
çäklenmän, eýsem, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de işewür
gatnaşyklaryň netijeliligini artdyrmaga-da mümkinçilik alarlar. Bu bolsa öz
nobatynda, nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we
türkmen ýangyç-energetika toplumynyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulmak
depginlerine oňyn täsirini ýetirer.
Sergi merkeziniň zallarynda
uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak we ugratmak, düýpli burawlamak,
deňizde nebitgaz gözlemek hem-de Hazarda taslamalary amala aşyrmak üçin zerur
kenar düzümini döretmek, bar bolan turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak,
täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary
artdyrmak, nebit hem-de gaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak
babatda hyzmatlar we önümler giňden görkezilýär.
Sergide hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan uly üns berilýän meselelere — energiýanyň
gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda geljegi uly işläp taýýarlamalara,
kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak babatda ekotäzeliklere
aýratyn orun berildi.
Foruma gatnaşyjylaryň
hatarynda ýurdumyzda köpden bäri işleýän kompaniýalar, şeýle hem işe täze
başlan firmalar bolup, şolaryň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyga bolan
gyzyklanmasy ýylsaýyn artýar.
Ýurdumyzyň baý nebit we gaz
ýataklaryny işläp taýýarlaýan “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet
konsernleriniň we beýleki birnäçe pudaklaýyn kärhanalaryň diwarlyklary sergä
gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Köp sanly bilermenleriň
pikirine görä, pudaklaýyn sergi Ýewropadan, Aziýadan hem-de Amerikadan bolan
öňdebaryjy önüm öndürijiler üçin nebiti gaýtadan işleýän we nebitgaz
enjamlaryny görkezmäge, göni söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de marketing
wezipelerini çözmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär. “Türkmenistanyň nebiti we
gazy” forumy nebitgaz senagatynyň türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň işewür
gatnaşyklary üçin netijeli çäre bolmak bilen, nobatdaky gezek täze taslamalara
badalga bermek, dünýä meýilleri hem-de pudagyň ösüşi bilen tanyşmak, şeýle hem
işewürligiň üstünlikli ösmegine ýardam edýän marketingiň möhüm guralyna
öwrülýär.
Foruma gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn geçiren wideoşekilli iş
maslahatynyň barşynda bu meselä degip geçmek bilen, energiýa serişdeleriniň
tutuş adamzadyň bähbidine berilmeginiň, olaryň eksport edilýän möçberleriniň
artdyrylmagynyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar diýip
nygtandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Hormatly Prezidentimiz, milli
ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, nebitgaz pudagynda hem halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekip, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
berkitmegiň, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň hem-de maýalary
çekmegiň aýratyn ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
dünýä ýüzünde geçirilýän dürli halkara sergilere we maslahatlara gatnaşmagynyň
möhümdigi barada aýdyp, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň
ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
OGT-2018 sergisiniň işiniň
birinji güni oňa gatnaşyjylar biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma
bildirdiler, bu ýerde halkara işewürlik höweslendirilip, daşary ýurt maýalary
bolsa, kanunçylyk binýady bilen goralýar. Daşary ýurt kompaniýalary türkmen
nebitgaz konsernleri hem-de korporasiýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
berkidip, enjamlary getirmek hem-de hyzmatlary hödürlemek babatda iş alyp
barmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy
döwürde pudagyň öňünde goýan giň gerimli wezipelerini amala aşyrmaga öz
goşantlaryny goşýarlar.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” sergisi öz
işini 22-nji noýabra çenli dowam eder.
Maslahata 500-e golaý wekil gatnaşdy. Şolar halkara we
hökümet guramalarynyň 200-den gowragyna, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryna,
köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň
diplomatik wekilhanalaryna wekilçilik etdiler.
Düýn umumy mejlis geçirildi. Onda halkara, sebit we
ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň geljegi, öňümizdäki ýyllar üçin
strategiýany işläp taýýarlamak ýaly möhüm meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi
hem-de ara alnyp maslahatlaşyldy, nebit, gaz we beýleki önümleriň bazarlaryndaky
ýagdaýlara, ýangyç serişdelerini ugratmak hem-de marketing strategiýasyna umumy
seljerme berildi.
Umumy mejlise gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly,
Türkmenistanyň nebitgaz pudagy döwletimiziň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň
biri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
üstünlikli durmuşa geçirýän syýasaty energetika howpsuzlygyny gazanmaga,
dünýäniň energetika ulgamyna goşulyşmak babatda milli ykdysadyýetimiziň
diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan
wezipeleri çözmekde “Türkmennebit” döwlet konserni aýratyn orun eýeleýär. Ol
Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň iri döwlet konsernleriniň biri
bolup durýar. Konsern özüne dürli kärhanalaryň onlarçasyny birleşdirýär hem-de
ýangyç serişdeleriniň ýataklaryny gözlemekden başlap, nebiti we gazy çykarmaga
hem-de ugratmaga çenli giň möçberli işleri öz içine alýar.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň gazy gaýtadan işleýän
pudagyny ösdürmek ulgamynda bellenilen wezipeleriň çözülmeginiň türkmen
alymlarynyň hem-de daşary ýurtlaryň inženerçilik kompaniýalarynyň,
ylmy-önümçilik kärhanalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, nebiti we gazy
gaýtadan işleýän senagat üçin enjamlary öndürijileriň, maýa goýum guramalarynyň
tagallalarynyň birleşdirilmegi bilen gönüden-göni baglydygy aýratyn bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň nebitgaz
ulgamynda dünýäniň esasy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de
giňeltmek boýunça teklipleri beýan edildi. Munuň üçin ýurdumyzda oňyn şertler,
has takygy, amatly maýa goýum ýagdaýy, deňsiz-taýsyz salgyt ýeňillikleri we
beýleki şertler döredildi. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ýangyç-energetika
toplumynyň çig maly çykarýan we gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge maýa
goýumlaryny çekmek üçin oňaýly şertlerdir.
Maslahatyň birinji gününde
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi boýunça hem
mejlis geçirildi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, bu taslama
Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky netijeli
ädimdir. Milli ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak
geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, önüm öndürijileriň,
üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün etmek
şertinde energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly ulgamyny
döretmek bu strategiýanyň esasy ugurlary bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary öňde goýlan maksatlara ýetmäge
gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda degişli
Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmeginiň özi hem bu başlangyçlaryň
derwaýysdygyna we uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan
deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş etmek bilen, bu
strategik ulgamda ýola goýlan däp bolan gatnaşyklary saklamak bilen birlikde,
dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen göni
aragatnaşyklaryň çägini ep-esli giňeltdi. Umumy ykrar edilmegine, şol sanda
abraýly halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanylmagyna görä, türkmen
topragynda “mawy ýangyjyň” ägirt uly gorlarynyň bardygy ýurdumyza tebigy gazyň uzak
möhletleýin iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde dünýä
bazarlarynda tebigy gaza bildirilýän islegler örän uludyr.
Şu gün “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” atly
halkara forumy öz işini dowam eder.