Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe
bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Merkezi banky Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň 1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer
banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizýär.
Merkezi bankyň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly,
bu pullaryň esasy aýratynlygy hapalanma, könelme, zeperlenme ýaly daşky täsirlere
durnuklylygydyr. Şeýle-de olaryň gorag alamatlary has güýçlendirilip,
hakykylygyny tassyklaýan şekilleri wizual taýdan kämilleşdirildi. 1, 5 we 10
manatlyk banknotlaryň reňki hem-de şekili öňki görnüşde saklanyp, olarda
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany şekillendirilendir. 200
manatlyk banknotyň ýüz tarapynda «Arkadag» binasynyň, arka tarapynda bolsa
Arkadag şäher häkimliginiň edara ediş binasynyň şekili ýerleşdirilipdir.
Dolanyşyga giriziljek modifisirlenen manatlaryň we täze banknotyň ýüz tarapynda
olaryň çykarylan senesi, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň
başlygynyň golunyň faksimilesi görkezilýär.
Bu banknotlar ýurdumyzyň çäginde eýeçiliginiň görnüşine,
alyp barýan iş ugruna garamazdan, edara-kärhanalaryň we guramalaryň ählisi
tarapyndan tölegleriň ähli görnüşleri boýunça hökmany kabul edilmäge
degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji,
2017-nji, 2020-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň
çäginde kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň çäginde
dolanyşykda bolan banknotlardyr teňňeleriň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin
azyndan bäş sany gorag alamatyny barlamak zerurdyr. Bu alamatlar baradaky
maglumatlar bilen https://www.cbt.tm salgysy boýunça Merkezi bankyň resmi
internet saýtyndan tanşyp bilersiňiz.