7-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri N.Selakowiç bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikirler alyşyldy. Taraplaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça türkmen-serbiýa gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ymtylýandyklary bellenilip geçildi.
Ministrler geljekde köpugurly hyzmatdaşlygyň hem ösdürilmegine itergi berjek takyk çäreleriň sanawyny özünde jemlejek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasynyň» taslamasyny işläp düzmek babatynda ylalaşdylar.
Şonuň ýaly-da, taraplaryň ähmiýetli mümkinçilikleri bolan bilim hem-de ylym ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy bellenildi.