milli goshun logo
Türkmenistan we BMG-niň Çagalar gaznasy: ynsanperwer ugurly gatnaşyklar giňeldilýär
Türkmenistan we BMG-niň Çagalar gaznasy: ynsanperwer ugurly gatnaşyklar giňeldilýär
16 sagat öň 16 Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşdy.

ÝUNISEF-niň wekili gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bilen duşuşmagyň we çagalaryň saglygyny, abadan durmuşyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işi üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň adyndan hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, bu düzümiň howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini we durmuş goldawyny bermek boýunça alyp barýan işi Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Oguljahan Atabaýewa diplomaty mähirli mübärekläp, ÝUNISEF-niň haýyr-sahawat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hanym Jalpa Ratna ÝUNISEF-niň hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikdäki tagallalarynyň çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýdyp, BMG-niň Çagalar gaznasynyň bu ugurda toplan halkara tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň dowamynda 22-nji noýabrda Çagalaryň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçiriljek çärä taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.