Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Pakistan Yslam Respublikasynyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari
bilen duşuşdy.
Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk
bildirip, gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işiniň uly hormata mynasypdygyny
belledi. Nygtalyşy ýaly, çagalar baradaky alada, hususan-da, howandarlyga we
lukmançylyk kömegine mätäç çagalar baradaky alada islendik döwletiň hem-de
jemgyýetiň ileri tutýan ugry bolup durýar. Gaznanyň alyp barýan asylly işi
türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny
üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň
öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň güwäsidir.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti dostlukly
ýurduň doly ygtyýarly wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Pakistan
Yslam Respublikasyny däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, umumy gymmatlyklaryň
baglanyşdyrýandygyny, ýurtlarymyzyň özara ynanyşmak syýasatyny alyp
barýandyklaryny belledi. Oguljahan Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim, durmuş ulgamlarynda çagalara hödürlenilýän
hyzmatlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns berýändigini aýtdy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti şu ýylyň
dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde
zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek»
atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýdyp, bu forumyň zenanlaryň
jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak barada pikir alyşmak üçin netijeli meýdança
boljakdygyna ünsi çekdi.
Ilçi Pakistanda Türkmenistanyň gender deňligini üpjün
etmek boýunça durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berilýändigini belläp, bu
maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.