2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Osaka
şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu
barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Agzalan çärä Ýaponiýanyň Imperatorynyň maşgalasynyň
agzalary, Ýaponiýanyň Hökümetiniň, «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi
assosiasiýasynyň, Osaka perfekturasynyň ýerli häkimiýetiniň wekilleri hem-de
dürli ýurtlardan birnäçe ýokary derejeli myhmanlar, dünýä ýurtlarynyň milli
pawilýonlarynyň wekilleri we Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik
wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýokarda görkezilen çärä Türkmen
tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri
N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Çäräni Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi
assosiasiýasynyň baş sekretary H.Işige açmak bilen, Osakada geçirilen
«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň öz işini üstünlikli tamamlaýandygyny belläp,
bu bütindünýä sergisini geçirmekde ýakyndan gatnaşan dünýä ýurtlarynyň milli
pawilýonlarynyň ählisine çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Soňra bolsa çärede Ýaponiýanyň döwlet baýdagy galdyrylyp,
döwlet senasy ýaňlandyryldy.
Çärede çykyş eden Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» Bütindünýä
sergisi boýunça ministri I.Ýositaka, «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi
assosiasiýasynyň başlygy T.Masakadzu we Osaka perfekturasynyň häkimi H.Ýosimura
«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň Osaka şäherini jahankeşdeleriň tanymal
mekanyna öwürendigini beýan etdiler.
Şeýle-de dabarada onuň Alyhezreti, mirasdüşer şazada
Akişino we Ýaponiýanyň Premýer ministri S.Işiba çykyş etdiler.
Çärede ýylyň dowamynda bu serginiň çäklerinde geçirilen
dabaralar we gyzykly pursatlar barada birnäçe wideoşekilli rolikler görkezildi.
Mundan başgda, dabarada medeniýet işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi.
Ýapylyş dabarasynyň jemlerinde EKSPO Bütindünýä
sergisiniň baýdagy düşürilip, ol «EKSPO-2030» Er-Riýad Bütindünýä sergisini
geçirmäge hukuk gazanan Saud Arabystan Patyşalygynyň wekiliýetine hormat bilen
gowşuryldy.