Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa
dersi boýunça geçirilen IV halkara olimpiadanyň jemi jemlendi. Şeýle hem bu
olimpiada bilen ugurdaşlykda guralan «Himiýany okatmagyň usulyýetini
kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly
maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylar ilki uniwersitetiň baş
binasynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda ýurdumyzyň ylym-bilim
ulgamynda ýetilen sepgitler, himiýa tehnologiýalarynyň ösüş ugurlary, milli
amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezildi.
Dabaranyň barşynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly,
olimpiadanyň häsiýetli aýratynlygy onda ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň, ylmy
merkezleriniň professor-mugallymlarydyr alymlary bilen birlikde, daşary
ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, ylym-bilim merkezleriniň
wekilleriniň hem eminlik etmegidir. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, bäsleşige gatnaşan talyplaryň sanynyň
köp bolmagy, olimpiada wekilçilik eden döwletleriň geografiýasynyň has-da
giňemegi onuň netijeliliginden habar berýär.
Dabaranyň ahyrynda himiýa dersi boýunça IV halkara
olimpiadada üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezen talyplar medallar
we diplomlar bilen sylaglanyldy. Halkara ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşan
professor-mugallymlara bolsa şahadatnamalardyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly
ýagdaýda gowşuryldy.
Halkara olimpiada ýurdumyzyň we Russiýanyň, Hytaýyň,
Gazagystanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň,
Rumyniýanyň, Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň jemi 260-a golaýy
gatnaşdy. Zehinli ýaşlara dünýäde himiýa boýunça ylym-bilim edaralary
tarapyndan gazanylan öňdebaryjy tejribeleri öwretmek we usulyýet esaslaryny
ornaşdyrmak, ýaşlaryň alan nazary bilimlerine daýanyp, hünär ussatlygyny has-da
kämilleşdirmek maksady bilen guralan olimpiada şahsy görnüşde A hem-de B
derejeler boýunça geçirildi. A derejede himiýa hünäri boýunça bilim alýan
talyplar ýazmaça görnüşde, B derejede bolsa beýleki hünärlerde okaýan ýaşlar
test görnüşinde özara bäsleşdiler. Meseleler ýokary okuw mekdepleriniň
maksatnamasyna laýyklykda, organiki himiýa, fiziki himiýa, organiki däl himiýa,
analitiki himiýa boýunça taýýarlanyldy.
Şahsy görnüşde geçirilen bäsleşikde A derejede baýrakly orunlaryň 63-si kesgitlenip, şolardan ýeňijileriň 14-si birinji, 17-si ikinji, 32-si bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Şeýle hem B dereje boýunça baýrakly orunlaryň 57-si kesgitlenip, onda ýaşlaryň 12-si birinji, 17-si ikinji, 28-si bolsa üçünji orny eýelediler.