Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki
türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary,
senagat we söwda ministri O.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza
sapar bilen geldi.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan
ylalaşyklary, hususan-da, öňki geçirilen mejlisde öňe sürlen teklipleri iş
ýüzünde durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek ýaly
meseleler girizildi. Toparyň ýolbaşçylary özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda
ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen
bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki tarap hem bilelikdäki taslamalary amala
aşyrmakda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmagy maksat
edinýärler. Taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda söwda-ykdysady, nebitgaz,
energetika, senagat ulgamlary geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalygy, daşky
gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet,
sport, ýaşlar syýasaty ulgamlaryna aýratyn üns çekildi.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk
boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi 21-nji
noýabrda öz işini dowam eder.