Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Azerbaýjan we türkmen halklarynyň arasynda asyrlaryň
dowamynda kemala gelen taryhy, medeni, etniki, dil we dini baglanyşyklar iki
doganlyk ýurduň gatnaşyklarynyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Bu berk
binýada esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarymyz Siziň Alyhezretiňiziň
ynsanperwer başlangyçlary arkaly has-da çuňlaşýar.
Siziň Alyhezretiňiziň adyny göterýän Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň rehimdarlyk,
hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly beýik ruhy gymmatlyklary dabaralandyrmak
arkaly halklarymyzyň arasynda ruhy köpri wezipesini üstünlikli ýerine
ýetirýändigini aýratyn buýsanç bilen bellemek zerurdyr. Bu belent ynsanperwer
wezipäniň iň aýdyň mysallarynyň biri hem Siziň Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde
metjit gurmak baradaky başlangyjyňyzdyr. Biz bu başlangyjy uly kanagatlanma we
çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul etdik. Siziň bu asylly ädimiňiz iki
ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, dini hem-de ruhy jebisligiň, ynsanperwer
hyzmatdaşlygyň, özara ynanyşmagyň aýdyň beýanydyr.
Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Gabala şäherinde geçirilen
Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň çäklerinde türki ýurtlaryň döwlet we
hökümet Baştutanlary bilen bilelikde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň sanly
ulgam arkaly düýbüniň tutulmagy bu möhüm haýyr-sahawat taslamasyny goşmaça
taryhy-ruhy mazmun bilen baýlaşdyrdy. Şeýle hem bu başlangyç türki dünýäniň
umumy gymmatlyklaryna, yslam siwilizasiýasyna uly ähmiýet berilýändigine
şaýatlyk edýär. Siziň Türki Döwletleriň Guramasyndaky, ylaýta-da, bu guramanyň
Aksakgallar geňeşindäki täsirli işleriňizi, türki dünýäniň jebisligi,
raýdaşlygy we ösüşi ugrunda beýan edýän parasatly başlangyçlaryňyzy uly hormat
bilen kabul edýändigimizi, olara ýokary baha berýändigimizi nygtamak isleýäris.
Siziň Alyhezretiňiziň 2025-nji ýylyň iýulynda Garabaga
amala aşyran saparyňyz, şol sanda Şuşa şäherindäki Göwher Aga metjidine
baranyňyzda eden doga-dilegleriňiz doganlygyň, ruhy gymmatlyklara, taryhy
mirasa hormatyň aýdyň nyşany hökmünde halkymyz tarapyndan uly hormat-sarpa
bilen kabul edildi. Siziň Alyhezretiňiziň başlangyjy esasynda Fizuli we Arkadag
şäherleriniň doganlyk şäherler bolmagy halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň
has-da işjeňleşmegine täze itergi berjekdigine berk ynanýarys.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň aýratyn ünsüňiz, goldawyňyz Fizuli şäheriniň ilaty
tarapyndan ýokary derejede ykrar edilýär hem-de biziň kalbymyzda çuňňur
hoşallyk duýgularyny döredip, sebitiň ruhy durmuşyna täze ruh, ynam we umyt
berýär. Bu belent ynsanperwer ädim doganlygymyzyň we raýdaşlygymyzyň nyşany
hökmünde azerbaýjan halkynyň hakydasynda hemişelik galar. Fizuli şäherinde
gurulýan we azerbaýjan-türkmen doganlygynyň ruhy nyşanyna öwrüljek bu metjidiň
ýakyn geljekde Siziň Alyhezretiňiziň gatnaşmagyňyz we ak pata bermegiňiz bilen
açylmagyna biz — Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şu
mümkinçilikden peýdalanyp, şäheriň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan ýokary ünsüňiz
we uly tagallalaryňyz üçin Siziň Alyhezretiňize ýene-de bir gezek çuňňur
hoşallygymyzy bildirýäris. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Türkmenistanyň
halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleriňizde hemişe rowaçlyklaryň
ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Beýik Biribardan Türkmenistana we onuň halkyna gülläp
ösüş, parahatçylyk hem-de durnuklylyk arzuw edýäris.
Çuňňur hormatlamak bilen,
Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäheriniň ähli ýaşaýjylary.