Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk
şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde doganlyk Gazagystan Respublikasynyň
iň ýokary sylagy bolan «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli
türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Siziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli
goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan
syýasatyňyzyň, döwletara gatnaşyklaryň täze derejelere çykarylmagyna ýardam berýän
başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri
hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup, Merkezi Aziýa döwletleri bilen
oňyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Sebitiň ýurtlary, şol sanda Gazagystan
Respublikasy bilen ýola goýlan özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlyk
gatnaşyklary hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda
diplomatik gatnaşyklaryň 33 ýylynyň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary
derejesiniň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna,
doganlyk halklaryň arasyndaky medeni-ruhy umumylyga esaslanýandygy
buýsandyryjydyr.
Siziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu
doganlyk döwletiň ýokary sylagy bilen sylaglanylmagyňyz iki ýurduň, şeýle hem
türkmen we gazak halklarynyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer
gatnaşyklaryň, dostlugyň berkidilmegine goşýan ägirt uly goşandyňyzyň, ata
Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň, hormatly Arkadagly Gahryman
Serdarymyz, Siziň sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge
gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň nyşany
boldy.
Belent mertebeli
Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen
Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Iki ýurduň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bilelikdäki ykdysady
taslamalaryň, söwda, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň ähmiýeti örän
uludyr. Türkmenistan Merkezi Aziýada durnukly ösüşe esaslanyp, oňyn ykdysady
ýagdaýy emele getirmäge, sebitiň Ýewropany hem-de Aziýany birleşdirýän möhüm
halka hökmünde eýeleýän ornuny hasaba almak bilen, bar bolan logistik
mümkinçilikleri peýdalanmaga, sebitiň çäklerini iri energetika, syýahatçylyk
merkezine öwürmäge mynasyp goşant goşýar. Bu ugurda Hytaý — Gazagystan —
Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesi bilen bagly işler üstünlikli alnyp
barylýar. Uzen — Gyzylgaýa — Bereket — Etrek — Gürgen üstaşyr demir ýoly arkaly
ýük daşamalary artdyrmakda hyzmatdaşlygyň geljegi uludyr. Dünýäniň energetika
bazarynda möhüm orny eýeleýän iki ýurt syýasy dialogy pugtalandyrmaga, ykdysady
hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär.
Döwletara gatnaşyklaryň binýady bolan medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň
gerimi ýylsaýyn giňeýär.
Türkmenistan we Gazagystan dünýä giňişliginde, iri
halkara we sebit guramalarynda örän netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Gazagystan
sebitiň wajyp wezipelerini çözmekde Türkmenistanyň oňyn garaýyşlaryny hem-de
öňe sürýän, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän
möhüm başlangyçlaryny goldaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş
edýär. Siziň baştutanlygyňyzda alnyp barylýan bu dostlukly gatnaşyklaryň iki
doganlyk halkyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine, döwletlerimiziň
arasyndaky mizemez dostlugy berkitmäge ýardam edýändigine we uzak möhletli
geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň täze gözýetimlerini açýandygyna, sebit hem-de
halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmaga
saldamly goşant goşýandygyna berk ynanýaryn.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Sizi Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy bolan
«Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli türkmen halkynyň
hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny,
ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde alyp barýan döwletli işleriňiziň
hemişe rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin. Goý, Siziň
baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhraty
dowamat-dowam bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.