Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllygyna barylýan taryhy günlerde Size Özbegistan Respublikasynyň ýokary
döwlet sylagynyň — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeniniň
dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli Sizi türkmen halkynyň hem-de
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň
Garaşsyz döwletimizi has-da gülledip ösdürmek, dostlukly döwletler bilen
halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak we täze derejelere çykarmak ugrunda alyp
barýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw
edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat
ähmiýetli tagallalaryňyzyň netijesinde ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe
barýan Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, häzirki zamanyň halkara
gatnaşyklar ulgamyndaky täsirli ornuny barha berkidýär. Halkara hukugyň umumy
ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolan Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara
bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda sebit we dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryny
günsaýyn giňeldýär.
Siziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet
saparyňyz, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw
duşuşygyna gatnaşmagyňyz hem sebitde hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik
hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýan Türkmenistan bilen Özbegistanyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge, Merkezi Aziýa sebitinde
işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge itergi berer.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň tagallalaryňyz esasynda Türkmenistan bilen
Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk iki doganlyk
döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär hem-de Merkezi Aziýada
parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti bolup
durýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň
durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine
doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça alyp
barýan işleri iki doganlyk halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, köpasyrlyk
dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Döwletara gatnaşyklarda Türkmenistanyň ýakyn we ygtybarly
hyzmatdaşy bolan Özbegistan Respublikasyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynda amala aşyran döwlet saparyňyzyň çäklerinde Size bu ýurduň abraýly
döwlet sylagynyň gowşurylmagy Siziň halkara giňişlikde, hususan-da, Özbegistan
bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny we medeni-ykdysady hyzmatdaşlygy
ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak babatda öňe süren
umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň we alyp barýan tutumly işleriňiziň
ykrar edilýändigini görkezýär.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siz dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda
dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge,
ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerini dabaralandyrmaga uly ähmiýet
berýärsiňiz. Siziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasatyňyz
türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berdi. Häzirki
wagtda iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda
özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşleri aýdyň duýulýar. Döwlet saparynyň
çäklerinde Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi
iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygynyň
nobatdaky güwäsine öwrüldi.
Siziň tagallalaryňyz netijesinde iki dostlukly döwletiň
arasyndaky täze derejelere çykýan hyzmatdaşlygyň umumy abadançylygyň bähbidine
mundan beýläk-de ösdüriljekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Sizi Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli
dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli
türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny,
parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we döredijilikli daşary syýasatyňyzyň
mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Goý, bu ýokary sylag
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň, dostlugyň,
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemez nyşany bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,