milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy bilen duşuşdy
20.05.2023 1099 Habarlar

19-njy maýda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud bilen bolan duşuşygynda sazlaşykly ösýän köptaraply hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. 

Myhmanyň belleýşi ýaly, Saud Arabystanynda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine, ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlaryna hem-de işjeň ilerledýän parahatçylyk we ynanyşmak diplomatiýasyna kanagatlanma bildirilýär. 

Mundan başga-da, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak babatda parlamentleriň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda bar bolan ähli mümkinçilikleri doly herekete girizmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum ugurlary, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy ýaly pudaklar döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Umumy pikire görä, häzirki döwürde ösüşiň täze usullaryna, sanlylaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda iki ýurduň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen işjeň gyzyklanýan hem-de sanly ulgama ussatlyk bilen erk edýän ýaşlaryň arasynda tejribe alyşmagy boýunça hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi.