Şu gün Owganystana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady
meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen we owgan
doganlyk halklarynyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we
ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistanyň we
Owganystanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi sebitde üstaşyr ulag
geçelgelerini döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda ýurtlarymyz energetika, ulag we
aragatnaşyk ulgamlarynda ägirt uly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge
gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we
optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisi aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu taslamalaryň Türkmenistanyň we Owganystanyň
arasyndaky uzak möhletli doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ygtybarly
binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, şu gün ýokarda agzalan
taslamalaryň çäklerinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz
geçirijisiniň gurluşyk işleri bilen bagly dabaraly çäreleriň geçiriljekdigini
belledi.
Şeýle giň gerimli taslamalar ýurtlary birleşdirip,
halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsine öwrüler diýip, Gahryman Arkadagymyz
aýtdy we bu taslamalaryň iki ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge
giň şert döretjekdigine, doganlyk owgan halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga
ýardam etjekdigine, täze iş ýerleri bilen üpjün etjekdigine berk ynam bildirdi.
Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary
Türkmenistan ýaly parahatçylyk söýüjilikli goňşusynyň bolmagynyň Owganystan
üçin möhüm strategik ähmiýete eýedigini belledi hem-de owgan halkyna berýän
yzygiderli goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize
tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şeýle hem Abdul Gani Baradar Türkmenistandan Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigini belläp, munuň üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.