Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30
ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça
guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Hökümet agzalarynyň
gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk,
hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň
mejlisinde garaljak meseleler barada aýdyp, Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik
Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň golaýlap gelýändigini we bu baýramyň giňden,
dabaraly bellenilip geçiljekdigini nygtady. «Türkmenistan parahatçylyk
söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak bilen, bu ugurda netijeli işleri
durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji
ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan
kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy,
howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda we berkitmekde aýgytly ädime öwrüldi»
diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä
döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Gahryman
Arkadagymyz şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli
syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy. Bu halkara
çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli
tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işe mynasyp goşant goşulmalydygyny
belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylaryň
gözegçilik edýän düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky
hasabatlaryny diňledi.
Milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek
maksady bilen, ugurdaş düzümler bilen bilelikde ähli zerur tagallalar edilýär.
Şunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplyk baýramçylygy
mynasybetli guraljak dabaralardyr beýleki çäreleriň maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy
barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň hormatyna giň
möçberli medeni çäreler we dabaralar geçiriler. Aýratyn-da, halkara çärelere
gatnaşýan myhmanlar üçin medeni-durmuş hyzmatlarynyň ýokary derejesi üpjün
ediler. Bu işlerde milli myhmansöýerlik ýörelgeleri häzirki zamanyň ösen
tejribesi bilen utgaşdyrylar.
Bitaraplyk baýramynyň şanyna geçiriljek çärelere
taýýarlygyň çäklerinde guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasynyň
taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Şol bir wagtyň özünde
halkara çäreleri giňden wagyz etmek möhümdir. Baýramçylyk günlerinde işlejek
meýletinçiler toparyny düzmek we onuň düzümine göreldeli ýaş mugallymlary,
işjeň talyplary seçip almak işleri ýaýbaňlandyryldy. Halkara çärelere gatnaşjak
myhmanlaryň aragatnaşygyň hem-de internetiň ýokary derejeli mümkinçilikleri
bilen üpjün edilmegine zerur üns berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şanly
senäniň hormatyna guraljak dabaralaryň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda
çemeleşilmelidigini, şunda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini
nygtady. Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek
ykrar edilen ýurdumyzyň dünýäde uly abraýa eýedigini, birnäçe döwletler bilen
işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny aýdyp, şanly senäniň hormatyna
guraljak çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda
zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda söwda we durmuş
hyzmatlarynyň medeniýeti ýokary halkara görkezijilere, milli myhmansöýerlik
däplerine laýyk gelmelidir. «Medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň ähli
ugurlar boýunça ýeten derejesi, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary
syýasatyň rowaç gadamlary öz beýanyny tapmalydyr. Baýramçylyk dabaralarynyň,
halkara çäreleriň geçişi metbugat giňişliginde yzygiderli wagyz edilmelidir»
diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň
mejlisiniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çäreleriň dowamynda
dürli görnüşli harytlar, milli tagamlar bilen üpjünçilik meselelerine hem
aýratyn üns berilmelidigini belläp, Aşgabat şäherinde, welaýatlarda söwda
nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli önümleriň, şol sanda sowgatlyk we
ýadygärlik harytlaryň söwdasyny guramak babatda maslahatlaryny beýan etdi.
Şanly sene bilen bagly medeni-köpçülik çärelerini, teatr çykyşlaryny ýokary
derejede guramagyň, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde
hemmetaraplaýyn şöhlelendirmegiň, degişli neşir önümlerini taýýarlamak boýunça
işleri geçirmegiň zerurdygyna hem üns çekildi.
Milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde halkara ylmy-amaly
maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmelidigini, halkara çärelere meýletinçi,
terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlardyr talyplaryň ýokary taýýarlygynyň
üpjün edilmelidigini nygtady. Şunda myhmanlary garşy almak we ugratmak meselesi
berk gözegçilikde saklanmalydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde
boljak çäreleri we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin
Aşgabat şäherinde bezeg hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmegiň möhümdigini
aýdyp, bu ugurda degişli işleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň ähmiýetine ünsi
çekdi. Umuman, halkara çäreleri üstünlikli geçirmek arkaly halkymyzyň asylly
däp-dessurlary, myhmansöýerligi, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşi
bütin dünýä aýdyň görkezilmelidir. Şunda halkymyzyň «Gelen — döwlet» diýen
paýhasly jümlesi öz beýanyny tapmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynyň nyşanynda ýerleşdirilen gymmatlyklaryň ýurdumyzyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň şanyna geçiriljek dabaraly çärelerde we olaryň
bezeglerinde, sowgatlyk önümlerde giňden beýanyny tapmalydygyny aýdyp, bu
babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz şanly
ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny mekdeplerde ýaş nesillere düşündirmegiň
zerurdygyna, munuň olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli
boljakdygyna hem ünsi çekdi.
Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek
halkara çäreleriň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, Durnukly
ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmakda uly ädim boljakdygyna ynam bildirip,
Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini jemledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde uly wezipeleriň bardygyny, olary üstünlikli
amala aşyrmak üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtap, meýilleşdirilen
çäreleri ýokary derejede geçirmek, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara
abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda zerur çäreleri görmek babatda hemmelere
üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden halkara çäreleriň geçiriljek esasy
ýerlerine tarap ugrady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow kaşaň Halkara maslahat merkezinde çäreleri guramaçylykly
geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu binada geçiriljek
halkara maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli
zerur tagallalar edilmelidir. Munuň özi olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny
şertlendirer. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly tehnologiýalaryň
ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu ýerde internet, aragatnaşyk
ulgamlarynyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen
baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz
belledi.
Soňra Milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjeginde
ýerleşýän Halkara kabul edişlik merkezine geldi. Bu ýerde ýokary derejeli
myhmanlary kabul etmek hem-de olara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin
hemme zerur şertler döredilipdir. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň
hormatyna guraljak çäreleriň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda
çemeleşilýändigini nygtamaly. Bu çäreler daşary ýurtly myhmanlarda Türkmenistan
we türkmen halky baradaky ýakymly ýatlamalary galdyrmakda ähmiýetli bolmalydyr
diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe
maslahatlary berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri öňde boljak halkara
çärelere taýýarlyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda «Arkadag» myhmanhanasyna
geldi. Bu ýerde-de ýokary derejeli myhmanlary we halkara guramalaryň
wekillerini kabul etmek üçin ähli mümkinçilikler bar.
Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen halkara çäreleri
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça kesgitlenen wezipeleri abraý
bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.