Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň
aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, şäheriň
gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy
meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň ösen
tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina
edilen Arkadag şäherine barýan ýoluň ugrundaky aýlawly çatrykda ýerleşýän «Polatly»
binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwrebaplaşdyrylýan «Ahalteke atlary»
şaýolunyň ugrunda degişli işler ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň
gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde «Ahalteke
atlary» şaýoluny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly ýerine ýetirilýän işler barada
giňişleýin maglumat berdi.
Milli Liderimiz ýoluň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň
hiline we berkligine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýoluň her
bir gatlagynyň gurluşygy, onuň düşekleriniň galyňlyk ölçegi häzirki zaman
talaplaryna, dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmelidir. Munuň özi ýoluň
tekizligini, sürüjiler üçin rahatlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň uzak
möhletleýinligini hem şertlendirer. «Şol bir wagtyň özünde onuň ugrunda
oturdylýan şekilleriň, ýol belgileriniň göze gelüwli bolmagyna, ýanýodalaryň,
atlaryň gezim edýän ýollarynyň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir»
diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ýakasyndaky
germewleriň sazlaşygynda döwrüň binagärlik usullarynyň netijeli
ulanylmalydygyny, bu ugurdaky işlerde halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden
milli ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz
aýlawly ýoluň merkezinde oturdylan Polatly atly bedewiň we onuň çäklerinde
ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň reňk sazlaşygyna ösen
tejribeler esasynda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Bu işler Diýarymyzda
Polatly, Akhan ýaly ady rowaýata öwrülen şöhratly bedewlere goýulýan sarpanyň
aýdyň nyşanyna öwrülmelidir. Olar Arkadag şäherine gelýän myhmanlarda oňyn
täsirleri galdyrmalydyr. Milli Liderimiz «Ahalteke atlary» şaýolunyň, «Polatly»
we «Akhan» monumentleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi, bu künjegiň
ekologik derejesiniň üpjün edilmegi barada maslahatlaryny berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäherde sogap işleriň
amal ediljek ýerine öwrüljek metjidiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine gelip,
alnyp barylýan işleri synlady. Milli Liderimiz bu ýeriň bezeg serişdeleriniň
onuň çägindäki bar bolan desgalar bilen sazlaşmalydygyny, şunda awtoduralganyň
gurluşygyna zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde bu ýere
geljek adamlaryň degişli dessurlary doly derejede berjaý edip bilmekleri üçin
ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda milli binagärlik ýörelgelerine möhüm
ähmiýet berilmelidir.
Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly
meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Gurluşygy dowam
edýän desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň bellenen
möhletlerde tamamlanmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir.
Hormatly Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň
taýýarlanan taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň
dolandyryş binasynyň görnüşleri, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň
taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we beýleki durmuş maksatly
desgalaryň görnüşleri barada maglumat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen
tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her
biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Şunda döwrebaplyk we
oňaýlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr. Bu işlerde milli tejribä
daýanylmalydyr. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda bina gurmagyň
nusgalyk mekdebini döredendigini belläp, häzirki döwürde binagärligiň dünýä
nusgalyk milli mekdebiniň usullarynyň döwrebap derejede ulanylmalydygyna,
olaryň täzeçil tehnologiýalar bilen utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan
medeni-dynç alyş seýilgähiniň çägine gelip, teklip edilýän desgalaryň
gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine, oturdyljak şekilleriň göze
gelüwli bolmagyna hem üns bermelidigini aýtdy. Aýratyn-da, onuň medeni-dynç
alyş merkezinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.
Täze seýilgähiň çäginde suw çüwdürimi bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli
buýsanjyna öwrülen gymmatlyklar ýerleşdiriler. Ahalteke bedewlerine aýratyn
gadyr goýýan Milli Liderimiz seýilgähiň çäklerinde dünýäde belent şöhrata eýe
bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetli boljakdygyny, şunda her
bir bedewiň heýkeliniň reňk aýratynlyklaryna zerur üns berilmelidigini aýtdy.
Bedewlere degişli ýazgylarda olaryň taryhy we gazanan ýeňişleri baradaky
maglumatlar öz beýanyny tapmalydyr. Ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň
nesil ugurlaryna, dünýäniň seýisçilik sungatynda eýeleýän ornuna degişli
birnäçe kitaplary ýazan Gahryman Arkadagymyz bedewleriň halkymyzyň durmuşynda
möhüm orny eýeländigini yzygiderli belleýär.
Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň ekologik ýagdaýynyň
ýokary derejede saklanmagynda täze seýilgähe möhüm ornuň degişli boljakdygyny
belläp, durmuş maksatly desgalaryň Arkadag şäheriniň gözelligi bir bitewi
sazlaşygy emele getirmelidigine ünsi çekdi. Seýilgähde şäheriň ilatynyň, şol
sanda çagalaryň we bu ýere geljek myhmanlaryň oňaýly dynç alyp bilmekleri üçin
döredilýän mümkinçilikler häzirki zaman talaplaryna we ýokary görkezijilere
doly laýyk gelmelidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak we desgalaryň
gurluşygynda ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça kesgitlenen wezipeleri
abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden
ugrady.