Balkan
welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda
«Türkmenistan – dost-doganlyk mekany» ady bilen geçirilen türkmen-gazak dostluk
aýdym-sazly dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň
daşary ýurtlar, şol sanda goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň
barha pugtalanýandygyny görkezdi.
Goňşy
döwletiň Mangistau welaýatynyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr
hünärmenlerinden, belli aýdymçylarydyr sazandalaryndan, tans toparlarydyr teatr
sungatynyň işgärlerinden ybarat bolan wekiliýet welaýat döwlet drama teatrynyň
öňünde düz-çörek, aýdym-sazlar bilen mähirli garşylandy. Dabara gatnaşyjylar
ilki bilen bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergä tomaşa etdiler.
Dabarada
buýsançly çykyşlara giň gerim berildi. Onda çykyş edenler türkmen-gazak halklarynyň
dost-doganlyk gatnaşyklary we onuň häzirki döwürde döredýän döwrebap
mümkinçilikleri hakynda durup geçdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynda geçirilýän bu medeni çäräniň aýratyn uly ähmiýete eýedigini uly buýsanç
bilen bellediler.
Soňra
türkmen we gazak sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandy.
Joşgunly çykyşlarda iki halkyň mizemez dostlugynyň, barha ösýän türkmen-gazak
hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de parahatçylygyň waspy belentden ýetirildi.
«Türkmenistan
– dost-doganlyk mekany» atly türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly dabarasy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda hem geçirildi. Bu ýerde iki ýurduň
ykdysady we medeni ösüşlerine bagyşlanan sergi hem guraldy.