Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi
bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen,
şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek
hakynda” Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň
25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň
gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir
önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda
suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň,
neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri
geçirmek bellenildi hem-de bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň
düzümi tassyklanyldy.