Şu gün Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý
itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky
güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.
Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we
taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki
döwürde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde alabaýlary ösdürip
ýetişdirmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny
ylmy esasda öwrenmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Halkara «Türkmen
alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bu ugurda alnyp barylýan işlere
kuwwatly itergi berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda
döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen toplumlardyr merkezleriň döredilmegi
türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny goramak we kämilleşdirmek boýunça
ylmy-barlag işleriniň has-da çuňlaşdyrylmagyna giň ýol açdy.
Soňra «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek
däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni
mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy
boldy. Dabara Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan
işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge
gönükdirilen işler barada giňişleýin maglumat berýän çykyşlardan başlandy.
Şanly wakanyň hormatyna guralan dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew çykyş edip, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň abraýly
halkara guramalar tarapyndan ykrar edilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän
aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny
beýan etdi. Türkmen alabaýlarynyň dünýäde eýeleýän mynasyp ornuny ykrar edýän
güwänama halkymyzyň milli gymmatlygymyza bolan buýsanjyny artdyrdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň taryhy-medeni
ýadygärliklerini, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak babatda
ýaýbaňlandyrylan işler oňyn netijelerini berýär. Ýakynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl
medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Hindistan Respublikasynyň
Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen
«Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamany goldamak
hakynda çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara
giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy»
atly kitabynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu kitap diňe bir itşynaslar üçin
gymmatly gollanma bolmak bilen çäklenmän, alabaýlaryň gelip çykyşy,
taryhy-medeni ähmiýeti, türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny barada
giňişleýin maglumat berýän düýpli ylmy çeşmedir. Onda taryhy we edebi
maglumatlar, arheologik barlaglaryň netijeleri beýan edilýär. Şeýle-de her
ýylyň oktýabr aýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen
edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň geçirilmeginiň ähmiýetine üns berildi.
Çykyş edenler ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň
taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaýlary dünýä
tanatmakda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimize we
türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen
alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi
mynasybetli hormatly Prezidentimize türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň adyndan iberen Gutlagy barada-da durlup geçildi. Onda bellenilişi
ýaly, alabaýlaryň tohumçylyk işini ösdürmek hem-de kämilleşdirmek itşynaslyk
babatdaky giň gerimli işleriň esasy ugurlarydyr. Türkmen alabaýy dünýäniň iň
gadymy tohum itleriniň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr
we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Şunuň bilen baglylykda, alabaýlaryň
dünýädäki şöhratyny artdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet
berilýär.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, dabara gatnaşyjylar
hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Gahryman
Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzy goramak we wagyz etmek boýunça öňe süren
başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam
etdirilýändigi nygtalýar.
Soňra dabara Aşgabat atçylyk sport toplumynda dowam etdi.
Toplumyň açyk manežinde taryhy wakanyň hormatyna ýurdumyzyň şöhrat gazanan
alabaýlarynyň we «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň
ýeňijileriniň görkezilişi boldy. Bu çäre joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen
utgaşykly dowam etdi. Dabara gatnaşan ýurdumyzyň itşynaslary alabaýlaryň tohum
arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň
mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Ähli görkezijiler babatda ýokary netije gazanan
alabaýlaryň görkezme çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy. Hormatly
Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde özüniň gadymy görnüşini saklap
galan türkmen alabaýlary halkymyzyň gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar
baradaky garaýyşlarynyň esasy nyşanlarynyň biridir. Bedew atlary seýisläp
ýetişdiren türkmen halky arassa ganly tohum alabaýlary ýetişdirmekde-de dünýä
nusgalyk ýoly döredipdir.
Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary
tarapyndan ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da
belende göterdi. Şanly wakanyň hormatyna guralan konsertiň dowamynda Gahryman
Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Türkmen alabaýy» atly aýdymyň ýerine
ýetirilmegi dabara gatnaşyjylarda aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi.