Geçen hepdede
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si
hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna
Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň,
Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazutyny, uçar hem-de
yşyk kerosinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da,
daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýa
Konfederasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri el
halylaryny, float aýnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 29
million 543 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine
Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bahasy 19 müň manatlykdan gowrak
bolan el halylaryny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri
içerki bazar üçin bahasy 30 million 625 müň manatlykdan gowrak bolan «Türkmenhimiýa»
döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle-de el
halylaryny, pagta süýümini satyn aldylar.