22.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Täze okuw ýyly — täze üstünlikleriň badalgasy
Täze okuw ýyly — täze üstünlikleriň badalgasy
01.09.2020 231 Harby Bilim

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada täze okuw ýyly hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary, Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň diňleýjileri, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary, mugallym-serkerdeleri gatnaşdylar. Olar çäräniň başynda hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline hem-de ýadygärlikler toplumynyň «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýdular. Dabarada hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy watan goragçylarynyň buýsançlaryny goşalandyrdy. Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň şahsy düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça görkezme çykyşlary, harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde edebi-sazly kompozisiýa hem-de dabara gatnaşýan şahsy düzümiň ýerine ýetiren aýdymy çäräniň mazmunyny baýlaşdyrdy.

Ilkinji jaňyň kakylmagy bilen, harby talyplardyr harby okuwçylar ýene-de öz bilim ojaklaryna dolandylar, täze güýç bilen täze okuw ýylyna başladylar, täze kabul edilenler bolsa, ilkinji harby dersleri özleşdirmäge girişdiler. Olar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk edip, harby bilim ojaklarynda mert, gaýduwsyz, edermen, watansöýüji merdi-merdanalaryň kemala gelýändigini geljekki serkerdelik ýolunda subut ederler.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».