Düýn Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megewat bolan täze gazturbinaly elektrik bekediniň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynyň kuwwatlyklary we onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak şol syýasatyň wajyp ugry bolup durýar.
Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti birnäçe gazturbinaly elektrik beketler bilen ýetirildi. Şeýle toplumlar Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda guruldy. Şonuň bilen birlikde onlarça paýlaýjy elektropodstansiýalar gurulýar, energiýa üpjünçilik ulgamy, paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň yşyklandyryş üpjünçiligi gowulanýar. Bu ulgamda ägirt uly işleriň alnyp barylmagy iri senagat toplumlaryny, köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda onuň belli bir möçberlerini goňşy döwletlere ugratmaga mümkinçilik berýär.
“Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýylda Marynyň Döwlet elektrik bekedinde utgaşykly dolandyryş esasynda işleýän häzirkizaman bug-gaz elektrik bekedi gurlup ulanmaga berildi. Onuň umumy kuwwaty 1 müň 574 megewata barabardyr. Bu ýerde 4 gaz we 2 bug turbinalary oturdyldy. Olar Amerikanyň dünýä belli “General Electric” kompaniýasynyň önümleridir. Iki görnüşli gurnamalaryň utgaşdyrylmagy goşmaça elektrik energiýa önümçiligini üpjün edýär. Mundan başga-da ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň harçlanyşyny azaltmaga, howa goýberilýän zyýanly galyndylaryň möçberlerini 2-3 esse peseltmäge mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagynda sebitleýin we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini dünýä äşgär edýär. Serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady maksatnamalary möhüm ugry bolup durýar. Marydaky bug-gaz elektrik bekedi häzirkizamanyň iň täze inženerçilik — tehniki işläp taýýarlamalaryň hatarynda durýar. Onuň täzeçillik, ykdysady taýdan netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz ugurlary Şweýsariýanyň Federal tehnologik instituty, “Max Plank” energiýa instituty, Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasy tarapyndan tassyk edildi.
Ine bu gün, “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny 2013 — 2020-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ýene-de iri maýa goýum taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Ol Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” we “MITSUBISHI HITACHI POWER SYSTEMS”, şeýle hem Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylar.
Çärjew etrabynda guruljak täze desganyň düýbüni tutmak dabarasynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we ýurdumyzyň energetikaçylary gatnaşdylar. Aýdym-saz we folklor toparlarynyň, türgenleriň şowhunly çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşgünini çaýdy.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Onuň baş maksady Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdan, türkmenistanlylaryň durmuşynyň ähli ulgamlarynda abadançylygy üpjün etmekden ybaratdyr. Olar sebitleriň hemmetaraplaýyn ösmegine, halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Kuwwaty 432 megewat bolan gazturbina elektrik bekedi ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek boýunça taslamany taýýarlamak we ony gurmak boýunça “Sumitomo Corporation” kompaniýasy bilen degişli şertnama “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň 2015-nji ýylda ýurdumyzda bolan resmi saparynda gol çekildi. Taslamany maliýeleşdirmegi halkara hyzmatdaşlyk üçin Ýapon banky öz üstüne aldy. Şunlukda Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky bilen Karzlaşdyrma ylalaşygy baglaşyldy.
Täze energetika toplumyny bina etmek üçin niýetlenen meýdançanyň ýanynda ozal hereket edýän “Lebap” döwlet elektrik bekedi bar. Ol 2014-nji ýylda ulanmaga berildi.
Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megewat bolan üç sany gazturbina gurnamalaryny oturtmak meýilleşdirilýär. Olary dünýä belli “MITSUBISHI HITACHI POWER SYSTEMS” kompanýasy getirer.
Energo bloklaryndan başga-da edara ediş binasy gurlup onda döwlet elektrik bekediniň esasy dolandyryş bölümi, gaz paýlaýjy beket, şeýle hem ähli zerur bolan inženerçilik-tehniki ulgam ýerleşer. Elektrik bekediniň çägi abadanlaşdyrylar we gök zolaklar dörediler. Umumy gurluşyk işlerini Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasy ýerine ýetirer.
Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak bilen baglanyşykly düýpli özgertmeler durmuşa geçirildi. Tebigy serişdelerine baý ýataklar özleşdirilýär we halkara ähmiýeti bolan ulag ulgamy yzygiderli ösdürilýär.
Amyderýanyň sag kenarynda nebitiň we gazyň iri ýataklary açyldy. Ol ýerden müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek işleri öz beýanyny tapdy we halkara Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi guruldy. Gündogar sebitde himiýa we dokma, gurluşyk senagatyna degişli iri kärhanalar, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demirýol köprüleri guruldy, welaýatyň oba hojalygy sazlaşykly ösýär.
Şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabatda täze Halkara howa menzili açyldy. Ol diňe bir Lebap welaýatynyň awia gatnawlary bolan isleglerini kanagatlandyrman, eýsem Amyderýanyň ýakasynda ýerleşýän şäheriň sebitiň edara ediş merkezi hökmündäki derejesini tassyk etdi. Häzirki döwürde ol Türkmenistanyň iri senagat künjegine öwrüldi.
Sebitiň täze elektroenergetika desgalarynyň hatarynda welaýatyň gündogaryndaky Döwletli etrabynyň çäginde 2016-njy ýylda ulanmaga berlen kuwwaty 254 megewat bolan “Watan” elektrik bekedi bar. Mundan başga-da 220 kW güýjenmesi bolan ýokary woltly täze ulgam çekildi. “Serdar-Farap” ulgamynyň uzynlygy 86,5 kilometr. Farap — “Watan” ulgamynyň uzynlygy 264,6 kilometr, Pelwert — Kerki ulgamynyň uzynlygy 125 kilometr, şeýle hem Mary döwlet elektrik bekediniň ýokary woltly ulgamy bilen Kerkiniň arasynda 388 kilometr ulgam çekildi. Onuň kuwwaty 500 kW güýjenmä deňdir. Umumy uzynlygy 62 kilometr bolan Kerki — Andhoý, şeýle hem kuwwaty 500/220/110 kW bolan “Kerki” energiýa podstansiýasy guruldy.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyna” laýyklykda ýakyn ýedi ýylyň içinde ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýanyň möçberini 33 milliard kilowat-sagada ýetirmek meýilleşdirilýär.
Pudagyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň, ilkinji nobatda bolsa Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän möçberleriniň artmagyny şertlendirer. Şunlukda degişli düzümleriň döredilmegi dostlukly ýurtdaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen ösmegine mynasyp goşant bolup, ol ýerde täze iş orunlarynyň döremegine mümkinçilik berer.
Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyz goňşy owgan halkyna parahatçylykly we durnukly durmuşy gurmakda hemmetaraplaýyn kömek berýär. Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat elektrik geçiriji ulgamyň gurulmagy munuň subutnamasydyr. Ol goňşy döwletiň energetika düzüminiň we şu ýylyň tomsunda ulanmaga berlen Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamyň möhüm bölegine öwrüldi. Onuň açylmagy bilen Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ýeňillikli şertlerde türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň täze ugry emele geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy ýaly iri taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, tutuş sebit üçin ähmiýetli bolup durýar.
Ýurduň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulmagyna ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň eksport ugurlarynyň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmakda “Ahal — Balkan” we “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly ýakynda Aziýanyň ösüş banky bilen gol çekilen Ylalaşyk aýratyn orun eýeleýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulmagynyň türkmen elektrik energiýasyny Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan halkara taslamasynyň çäklerinde ibermegiň möçberleriniň has-da artdyrylmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli taraplaryň hyzmatdaşlygy aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.