Ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan
raýatlaryna “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň
ýubileý medalyny, şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygy” atly ýadygärlik altyn we kümüş nyşanlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30
ýyllygyna bagyşlanan çäreler giň gerimli aýdym-sazly dabaralar bilen dowam
etdi.
Dabaralaryň dowamynda bellenilişi
ýaly, raýatlaryň uly toparynyň “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna”
atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanylmagy
döwletimiziň olaryň uzak ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli hem-de netijeli
zähmetine ýokary baha berýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Ýokary sylaglara mynasyp bolan
ildeşlerimiz özleriniň döredijilikli işlemegi ugrunda döredilýän
hemmetaraplaýyn mümkinçilikler, döwlet derejesinde berilýän goldaw üçin
hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny
beýan edip, geljekde hem Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wagyz etmäge,
oňyn halkara başlangyçlaryny ilerletmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna
ynandyrdylar.