19.01.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel-2020» atly halkara maslahat
Sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel-2020» atly halkara maslahat
25.11.2020 197 Habarlar

24-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel-2020» atly ХIII halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda bu maslahaty «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar.

Şanly senäniň—Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda, «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilýän ýöriteleşdirilen forum telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir.

Dünýäde halkara gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda, maslahat ilkinji gezek diňe bir adaty görnüşinde geçirilmän, eýsem, onlaýn ýagdaýynda Aşgabatdan onlarça ýurtlara alnyp berilýär.

Şu ýyl foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 21 ýurdundan spikerleriň 30-dan gowragy hem-de wekilleriň 300-e golaý bellige alyndy.